Arabystanyň Eýrana ýapýan aýyplamasyna Tehran jogap berdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2350-arabystanyň_eýrana_ýapýan_aýyplamasyna_tehran_jogap_berdi
Birleşen MIlletler Guramasyndaky Eýranyň wekili Ýemeniň Ansarolla hereketiniň Riýada garşy amala aşyran raketa hüjüminde Eýranyň eli bolandyr diýip Saud Arabystanyň ýapýan aýyplamasyny esassyz hasaplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 30, 2018 12:42 Asia/Ashgabat
  • Arabystanyň Eýrana ýapýan aýyplamasyna Tehran jogap berdi

Birleşen MIlletler Guramasyndaky Eýranyň wekili Ýemeniň Ansarolla hereketiniň Riýada garşy amala aşyran raketa hüjüminde Eýranyň eli bolandyr diýip Saud Arabystanyň ýapýan aýyplamasyny esassyz hasaplady.

Golamali Hoşru bu esassyz toslamalardan maksat umumy pikirleriň ünsini Arabystanyň Ýemene garşy amala aşyrýan jenaýatlaryndan başga ýaňa sowmakdyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,öten agşam Birleşen MIlletler Guramasyndaky Eýranyň wekili Hoşru bu guramanyň baş sekretaryna hemde howpsyzlyk geňeşiniň başlygyna hat ýazyp Arabystanyň ýolbaşçylygyndaky Ýemene garşy bileleşiginiň metbugat wekiliniň Eýrana ýapýan aýyplamasyna nägileligini yglan edip bu toslamalar we haýbat atmalar zor aýtmaklygy gadagan etmek baradaky BMG-nyň jarnamasyna garşydyr diýip nygtady.

Hoşru şeýle-de halkara köpçüliginden Ýemene garşy jenaýatlaryň öňüne geçmek ugurda tagalla etmegini isledi.