Amir Abdollahian: Gazadaky ikiýüzliligi we genosidi bes ediň
Eýranyň daşary işler ministri amerikalylara garap Gazadaky ikiýüzliligi we genosidi bes ediň diýdi.
IRNA-nyň sişenbe güni beren hasabatyna görä, Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdollahian", internet giňişliginde şahsy sahypasynda Amerikalylaryň Eýrana iberen habary barada ABŞ-nyň geçen hepdeden bäri ynsanperwerlik ylalaşygyny gözleýändigini aýdyp, "Biz olaryň habaryny aldyk, olar düýbünden ýalan aýtýarlar" -diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Amerikanyň Gaza we Palestinanyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky söweş oýnuny bir wagtyň özünde dolandyrýandygyna ünsi çekip, Amerikalylara Gazadaky ikiýüzlüligi we genosidi bes ediň diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdollahian", kibernetik giňişliginde şahsy sahypasynda palestinalylaryň öldürilmeginde Amerikanyň sionist režimine berýän goldawynyň dowam etmegi barada 120-den gowrak ýurduň Gazadaky söweşi bes etmek baradaky islegine salgylanyp dünýäniň dürli şäherlerinde, şol sanda Waşingtonda millionlarça adam köçelere çykyp, Palestini goldaýar we Sionist režiminiň uruş jenaýatlaryny ýazgarýar, emma Ak tam jenaýatlara şärik bolup galmagy we dünýäniň jemgyýetçilik pikirine garşy çykmak üçin ýykylan Ysraýyl režimini goldamagy makul bilýär diýip ýazdy.
Palestina Saglygy goraýyş ministrligi sişenbe güni palestinaly şehitleriň sanynyň soňky statistikasynda 7-nji oktýabrdan bäri sionist režimiň hüjümlerinde 10165 palestinalynyň şehit bolandygyny we 27,000 töweregi adamyň ýaralanandygyny habar berdi.