Amir Abdollahian: ABŞ-nyň gatyşmagy sebäpli Siriýadaky ýagdaý çylşyrymlaşdy
Eýranyň Daşary işler ministri BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa meseleleri boýunça ýörite wekili bilen bolan duşuşygynda ABŞ-nyň gatyşmagy sebäpli Siriýadaky ýagdaýyň çylşyrymlaşandygyny aýtdy.
IRNA-nyň çarşenbe güni agşamky hasabatyna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Şweýsariýa saparyny dowam etdirip, BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Geir Pederson bilen duşuşyp, Siriýadaky soňky syýasy wakalar we bu ýurduň meselelerini çözmegiň ýollary barada gepleşdi we pikir alyşdy.
Bu duşuşykda Eýranyň Daşary işler ministri Siriýanyň hökümetine terrorçylyga garşy göreşiň dowam etdirilmegini goldamagyň zerurdygyny aýtmak bilen Amerikanyň gatyşmagy sebäpli Siriýadaky ýagdaý çylşyrymlaşdy we bu çäreleriň täsiri astynda onlarça terrorçy topar Siriýanyň howpsuzlygyna howp salmagyny dowam etdirýär diýdi.
Amir Abdollahian Amerikanyň Siriýa garşy girizen ykdysady sanksiýalaryny Siriýanyň halkyna garşy çäre hökmünde häsiýetlendirmek bilen Baş sekretaryň ýörite wekilini we Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer kömeginiň orunbasaryny Siriýa garşy ykdysady sanksiýalary ýatyrmak üçin tagalla etmegini isledi.
BMG Baş sekretarynyň ýörite wekili bu duşuşykda Siriýadaky krizisi çözmäge kömek etmek baradaky tagallalaryny we meýilnamalaryny açyklap bermek bilen Palestindäki häzirki wakalaryň Siriýadaky ýagdaýa ýaramaz täsir etmejekdigine umyt bildirdi.