Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministriniň Türkmenistana sapary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23708-eýranyň_ýollar_we_şäher_gurluşygy_ministriniň_türkmenistana_sapary
Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministri, Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistan arasynda 17-nji bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk sammitini geçirmek üçin bilelikdäki komissiýanyň başlygy hökmünde Aşgabat şäherine gitdi.
(last modified 2023-11-16T10:56:52+00:00 )
Nov 16, 2023 15:56 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministriniň Türkmenistana sapary

Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministri, Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistan arasynda 17-nji bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk sammitini geçirmek üçin bilelikdäki komissiýanyň başlygy hökmünde Aşgabat şäherine gitdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazarpaş, şu gün, Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistan arasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň 17-nji mejlisine gatnaşmak üçin şu gün penşenbe güni Aşgabat şäherine gitdi.

Bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň 17-nji ýygnagy, Eýranyň ýollar we şäher gurulşygy ministri Mehrdad Bazarpaşyň we Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda we bu ýurduň ýerine ýetiriji edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler.

Iki ýurduň resmileriniň ylalaşygyna görä, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň 17-nji mejlisiniň çäginde iki ýurduň telekeçileriniň we hususy pudaklarynyň bilelikdäki iş konferensiýasy we "Eýran taslamasy" atly 15-nji ýöriteleşdirilen sergi geçiriler.

Bu çäräni geçirmegiň maksady söwda, ulag we tranzit, energiýa, senagat, tehniki we inženerçilik hyzmatlary, gümrük, welaýat, oba hojalygy, ylmy, saglyk we syýahatçylyk ugurlaryndaky ähli taraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we ösdürmekdyr.