Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky 17-nji ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň mejlisi
(last modified Fri, 17 Nov 2023 15:54:39 GMT )
Nov 17, 2023 20:54 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky 17-nji ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň mejlisi

Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky 17-nji ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň mejlisi Türkmenistanda işini başlady.

 

 

  Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň 17-nji bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasy mejlisi  Aşgabatda geçirilip başlady.

Ýollar we şähergurluşyk ministri "Mehrdad Bazarpaş", Eýranyň ýerine ýetiriji guramalarynyň wekilleri bilen Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gitdi.

Iki ýurduň 16-njy bilelikdäki ykdysady komissiýasy 1400-nji hejri şämsi ýylyň aban aýynda Tehranda geçirildi.

Demir ýol ulaglary we transport, serhet bazarlary, iki ýurduň arasynda gaz alyş-çalyşy, elektrik alyş-çalşygy, söwda we maýa goýumlary, bank we maliýe meseleleri iki ýurduň 17-nji Ykdysady Hyzmatdaşlyk komissiýasynyň ortag Geňeşiniň gün tertibinde durýan meseleleriň arasyndadyr.

Türkmenistan Eýran bilen gury serhedi bolan ýeke-täk Merkezi Aziýa ýurtudyr; Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň iki ýurdy, takmynan 900 km gury ýer serhedi we 300 km deňiz serhedi bardyr.

Eýran, bir tarapdan Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagynyň we Ýewropanyň suwlaryna birleşdirýän derwezedir, Türkmenistan hem Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Hytaýa Eýranyň derwezesi hökmünde pozisiýasy bardyr; Bu bolsa sebitdäki iki ýurduň artykmaç we strategiki pozisiýasyny görkezýär.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar   Türkmenistanyň garaşsyz bolanyndan bäri dostlukly ýolda bolupdy we birnäçe ýyl ozal Eýrana garşy girizilen sanksiýalar we Eýranyň bu ýurda gaz bergileri sebäpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. 

Eýranyň 13-nji döwletiniň işiniň başlanmagy bilen Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy we söwda ugurlarynda Dürli düşünişmek memorandumlaryna gol çekildi.Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Hezreti Aýatolla Hameneýi, 1401-nji heri şämsi ýylyň hordad aýynda Türkmenistanyň prezidenti "Serdar BerdiMuhammetow", we oňa gatnaşýan delegasiýa bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň bilelikdäki hyzmatdaşlyk komissiýasynyň işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýdypdy.