Nov 23, 2023 20:05 Asia/Ashgabat
  • Ýolbaşçylygyň, Sionistleriň jenaýatyň ýitgileriň öwezini doldurmaz diýip nygtamaklary

Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi, Hangžou şäherinde geçirilen Aziýa we Para-Aziýa oýunlarynyň medal gazananlary we sport aktiwistleriniň bir topary bilen geçiren duşuşygynda, bu türgenleriň sport meýdançalarynda hormat esasyndäki hereketlerini, Eýran halkynyň görnükli keşbi diýdiler.

  Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi, Hangžou şäherinde geçirilen Aziýa we Para-Aziýa oýunlarynyň medal gazananlary we sport aktiwistleriniň  bir topary bilen geçiren duşuşygynda, bu türgenleriň sport meýdançalarynda hormat esasyndäki hereketlerini, Eýran halkynyň görnükli keşbi diýmek bilen ,Gazadaky wakalara salgylanyp, sionist režiminiň ähli jenaýatlary bilen bu agyr şowsuzlygyň öwezini dolduryp bilmejekdigini we geljekde hem edip bilmejekdigini aýtdylar.

Aýatolla Hameneýi, düýin (çarşenbe) geçirilen ýygnakda eden çykyşynyň bir böleginde Gazada bolup geçen wakalara düşündiriş görnüşinde gysgaça mazmuny beýan edip   "Hemas-yň Sionistlere tehniki taýdan agyr zarbany urdy diýdiler. Ol hezretleri Hamas hökümet we ýurt hökmünde däl-de, eýsem söweşiji topar hökmünde sionistleri nak out etdi diýdiler.Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi,  bu rehimsizligiň jogapsyz galmajakdygyny habar berip ,Partlamalar basyp alýjy režimeimiň ömrüni gysgaltjakdygyny aýtdylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi, ozal hem sionist režimiň Gazadaky ýeňlişini hakykat diýip atlandyrypdy we sionist režimiň şu wagta çenli Gazadaky söweşde ýeňiş gazanyp bilendäldigini we geljekde hem ýeňiş gazanyp bilmejekdigini aýtdylar.

Öň hemEýranyň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, sionist režimiň yzygiderli jenaýatlarynyň öňünde Gazanyň halkynyň sabyrlylyk we güýç bilen durandygyny nygtap ,Amerika Birleşen Ştatlaryň başlyklarynyň Sionist Režimine yzygiderli gitmekleriniň  Angliýa, Fransiýa we Germaniýa ýaly döwletleriň we beýleki erbet we eziji ýurtlaryň, bu basyp alyjy režimiň dargamagynyň öňüni almaga synanyşmaklarydygyny aýtdypdylar.

 47-den soň palestina halkynyň garşylygy üçin düýin (çarşenbe) sionist režimi Gazada ot açyşlygyň bes etdirilmegini we Hemasyň şertlerini kabul etmmäge mejbur bolandyr.  Bu şertnamanyň düzgünleri sionist režimiň bu ýaraşykda hiç zat gazanyp bilmändigini görkezýär, sebäbi bu režim ähli sionist tussaglar boşadylmazdan garşylyk şertlerini kabul etmäge we harby hüjümleri bes etmäge mejbur bolandyr. Şol bir wagtyň özünde, Sionist režimi bu uruşda ejir çekdi urşuň bu tapgyryna çenli harby, syýasy we ykdysady taýdan agyr zerer çekdi; Içerki frontda, Netanýahu al-Aksa tupan operasiýasynyň öňünde şowsuzlykda ilkinji günäkärlenýär we Gazany basyp alyp, Hemasy ýok edip bilmedi.  

 

Tags