Sep 17, 2024 18:59 Asia/Ashgabat
  • Ynkylapyň ýokary Derejeli lideriniň, yslam ymmatynyň agzybirliginiň zerurdygyna ünsi çekmekleri

Ynkylapyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneý yslam ymmatynyň agzybirliginiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Yslam dünýäsiniň agzybirligi ençeme ýyl bäri alymlara, intellektuallara, syýasy işgärlere we umum adamalra maslahat bermek bilen,Yslam Ynkylapyň ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneý hemişe beýanatlarynda agzap geçen esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ol hezretleri jemgyýetleriň we yslam hökümetleriniň jebisligini emele getirmegiň zerurlygy   nygtadylar.

Düýin (Duşenbe) Aýatolla Hameneýi, tutuş ýurt boýunça sünnileriň dini mekdepleriniň müdirleriniň,alymlarynyň, juma ymamlarynyň ýygnagynda  beren beýanatynda ,"Yslam ymmatynyň" gymmatly şahsyýetiniň goralmagyny zerur atlandyryp, Yslam ymmaty hiç hili ýatdan çykarylmaly däldir" diýdiler.

Agzybirlik hepdesiniň başlanmagy we Pygamberimiziň (saw) doglan güni mynasybetli geçirilen bu ýygnakda Yslam Ynkylapyň ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneý sözüniň üstüni ýetirip"Yslam ymmatynyň şahsyýeti meselesi esasy mesele digini we geografiki çäkleri üýtgetmek, Yslam ymmatynyň hakykaty we şahsyýeti üýtgetmeýär diýdiler. "

Musulmanlary yslam şahsyýetine biperwaý etmek baradaky duşmançylykly tagallalara yşarat edip, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy sözüniň üstüni ýetirip, bir musulmanyň Gazada ýa-da dünýäniň beýleki ýerlerinde başga bir musulmanyň görgülerini ýatdan çykarmagy ,Yslam taglymatyna garşydyr diýdiler.

Häzirki zaman tekepbir dünýäsiniň yslam dinine garşy ýeke-täk pozisiýa eýeländigine şek ýok, şonuň üçin duşmanlar ýalan çap edip, Yslamy we Pygamberimiziň (saw) maşgalasyny kemsidip, dünýädäki musulmanlary bölmäge synanyşýarlar.

 Bu agyr döwürde musulmanlaryň arasynda agzybirligiň zerurlygy öňküsinden has köp duýulýar we şu esasda yslam hökümetleri duşmanlaryň muslmanlara garşy hereketlerine seresap bolmalydyrlar.

Şonuň üçin agzybirlik hepdesi sözüň duýgudaşlygy we agzybirligi we duşmanlaryň dildüwşüklerini zyýansyzlandyrmak üçin oňat mümkinçilik hasaplanýar.

Soňky onýyllyklaryň tejribesi duşmanlaryň elmydama musulmanlaryň hakyky erkinliginiň we garaşsyzlygynyň öňüni almaga synanyşandyklaryny görkezýär we bu nukdaýnazardan duşmanlar musulmanlara garşy negatiw metbugat wagyz etmek, yslamofobiýany öjükdirmek we musulmanlary ekstremizmde aýyplamak ýaly dürli serişdeleri ulanýarlar.  

 

Tags