Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Taýlandly tussaglaryň boşadylmagynda Eýranyň töwellaçylygyny tassyklady
Evranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Taýland häkimiýetleriniň Tährandan haýyşy boýunça Taýlandly tussaglaryň Hamasdan boşadylmagy üçin Eýranyň töwellaçylygyny tassyklady.
Sebitiň metbugaty Taýlandly tussaglaryň Eýranyň töwellaçylygy bilen boşadylandygyny habar berdiler.
Eýranyň Daşary işler ministri Katara eden soňky sapary wagtynda Taýlandyň Daşary işler ministrine, Eýranyň Gazadaky Taýlandly tussaglaryň boşadylmagyna kömek bermek üçin taýýardygyny aýtdy. Amir Abdollahian Hamasyň resmileri bilen geçiren gepleşiklerinde bu mesele ünsi çekdi we we daşary ýurt raýatlaryny boşatmak üçin çäre görmegini isledi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani, Eýran Yslam Respublikasynyň Taýlandly tussaglary Gazadaky garşylyk toparlaryndan boşatmagyndaky roly baradaky habarlaryň çap edilmegi barada IRNA bilen söhbetdeşlikde Sionist režimiň Gaza garşy söweşi başlanan ilkinji hepdeden başlap, Taýland häkimiýetleriniň haýyşy boýunça şol sanda telefon söhbetdeşligi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen Eýranyň Daşary işler ministriniň Dohadaky duşuşygynyň yzy bilen Taýlandly tussaglaryň boşadylmagyny ýeňilleşdirmek üçin kömek bemek Eýran bilen Kataryň bilelikdäki iş buýrugyna öwrülendir.
"Kanani" şeýle-de bu meseläni ynsanperwerlik nukdaýnazaryndan derňemek we kömek bermek üçin bu tussaglaryň atlarynyň sanawy Hamasyň işgärlerine berlendir diýdi.