Eýranyň Daşary işler ministri Sionist režimiň jezasyz galmaly däldigini aýtdy
(last modified Thu, 30 Nov 2023 06:03:08 GMT )
Nov 30, 2023 11:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri Sionist režimiň jezasyz galmaly däldigini aýtdy

Eýranyň Daşary işler ministri, basyp alyjy sionist režimiň jezasyz galmagyna ýol bermezlik halkara guramalarynyň jogapkärçiligini nygtady.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian çarşenbe güni agşam ASEAN-yň Baş sekretary Kao Kim Horna hat ýazyp, sionist režimiň soňky hepdelerde eden jenaýatlaryna şol sanda 15,000-den gowrak palestinalynyň şehit bolmagyna, möhüm infrastrukturanyň we jemgyýetçilik ýerleriniň weýran edilmegine, gadagan ýaraglaryň ulanylmagyna we palestina halkyna garşy ýadro ýaragyny ulanmak howpuna yşarat edip, basyp alyjy režimiň jezasyz galmagy hakda halkara guramalarynyň jogapkärçiligini nygtady. 

toparlaýyn howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň baş sekretary Tasmagambatow Imangali Nurgliýewige ýazan hatynda Amir Abdollahian sionist režimiň palestinalylaryň öz ykballaryny kesgitlemek hukugyny gödek bozmak, käbirleriniň hereketsizligi bilen baglanyşykly onlarça ýyllap eden jenaýatlaryna hem ünsi çekip şu wagta çenli bu basyp alyjy režimiň jezasyz galmagy degişli halkara guramalaryň parhsyz oturmaklarynyň netijesidir diýip nygtady.