Dec 01, 2023 15:38 Asia/Ashgabat
  • Kanani: Sionist ganhorlar Amerikanyň goldawynyň kölegesinde Gazada täze jenaýaty başladylar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, sionist ganhorlary 15,000-den gowrak palestinalyny öldürenden soň, Amerikanyň hökümetiniň dowamly goldawynyň kölegesinde Gazada täze jenaýat başladylar.

Şu gün sionist režimi ýaraşygy bozmak bilen Gaza garşy täze hüjümleri başlady.

Bu mesele bilen baglanşykda we IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" internet giňişligindäki şahsy sahypasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň basyp alnan ýerlerden gitmeginden birnäçe minut öň, Sionist režimiň Gaza garşy atyşygyň bes edilmeginiň bozulmagy we harby çozuşynyň gaýtadan başlamagy barada şeýle ýazdy: Ýene-de sionist režimiň jenaýatçylykly hüjümleriniň esasy pidalary parahat ilat, çagalar we aýallar boldylar.

Kanani sözüniň dowamynda milletler we dünýäniň hökümetleriniň aglaba köplügi ýaraşygyň dowam etdirilmegini we Sionist režiminiň hüjümleriniň doly bes edilmegini isleýärler emma jenaýatçy we çagany öldürýän sionistler düzedip bolmajak ýeňlişiň öwezini dolmak baradaky manysyz hyýalda parahat ilaty, çagalary we aýallary öldürmek bilen ýeňiş gözleýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de elbetde, sionist režimiň jenaýatçylaryndan başga-da palestina halkynyň dowamly agressiýasy we öldürilmegi üçin syýasy we kanuny jogapkärçilik Amerikanyň hökümeti we bu aparteid režimini goldaýan birnäçe hökümetiň jogapkärçiligindedir diýip sözlerine goşdy.

Tags