Raisi Moskwa sapar etdi
(last modified 2023-12-07T09:16:39+00:00 )
Dec 07, 2023 14:16 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Gaza garşy bombasyny duruzmak we gabawyny aýyrmak şeýle hem Palestina kömek bermek üçin edilýän tagallalar Moskwa sapary wagtynda geçiriljek maslahatlaryň arasynda bolar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça penşenbe güni Moskwa ugrady.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Ebrahim Raisi, Mehrabad howa menzilinde Russiýa gitmezden ozal beren gürrüňlerinde bu saparyň maksady sebitdäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary dürli ugurlarda giňeltmek diýdi.

Raisi şeýle-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we sebitiň bähbitlerini ösdürmek üçin gowy ädimleriň ädilendigini aýtmak bilen iki ýurt sebitdäki parahatçylyga we durnuklylyga seredýärler hemde sebit we sebitden daşary meseleler boýunça umumy pikirimiz bardyr diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, energiýa, senagat we oba hojalygynyň güýçlendirilmegini Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri hasaplamak bilen Gazadaky partlamany duruzmak we Gazanyň halkynyň gabawyny aýyrmak, Palestina kömek bermek we palestina halkynyň hukuklaryny gazanmak boýunça gyssagly tagallalar bu saparda geçiriljek maslahatlaryň arasynda bolar diýdi.

Tags