Mohber: Sionist režimiň Gazada eden jenaýatlary nesil gyrmakdyr
(last modified Thu, 07 Dec 2023 10:57:30 GMT )
Dec 07, 2023 15:57 Asia/Ashgabat
  • Mohber: Sionist režimiň Gazada eden jenaýatlary nesil gyrmakdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary: Sionist režimiň Gazadaky jenaýatlary we aýal-gyzlary we çagalary öldürmek aslynda genosid we adamzada garşy jenaýatdyr diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary Muhammet Mohber penşenbe güni Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara ministri Liu Jianchao bilen duşuşanda Hytaý hökümetiniň Gazadaky wakalar babatdaky pozisiýasyna şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna we BRICS guramasyna agzalygyny goldamagyna ýokary baha bermek bilen Sionist režimiň Gazadaky jenaýatlary we aýallaryň we çagalaryň öldürilmegi aslynda genosid we adamzada garşy jenaýatdyr ýöne gynansagam, halkara ýygnaklary bu ugurdaky borçlaryny ýerine ýetirmeýärler we täsirli hereket etmeýärler diýdi.

Mohber şeýle-de Eýranyň nebit we gaz baýlyklary, uly magdanlaryň bardygyny we üstaşyr geçiş üçin ajaýyp geografiki ýerleşişi ýaly uly mümkinçiliklerini ýatlatmak bilen Eýran bilen Hytaýyň arasynda 25 ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasynyň durmuşa geçirilmegi bu mümkinçiliklerden peýdalanmak bilen iki ýurduň bähbitlerini üpjün etmek üçin amatly esas bolup biler diýdi.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara ministri Liu Jiancha hem bu duşuşykda geçen ýylda iki ýurduň wekiliýetleriniň saparlaryna salgylanyp iki ýurduň ýokary wezipeli işgärleriniň saparlary iki tarapyň hem gatnaşyklary giňeltmek we olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek islegini görkezýär diýdi.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara ministri şeýle-de ABŞ-nyň Eýrana garşy birtaraplaýyn sanksiýalaryny tankytlady.

Tags