Raisi Putin bilen bolan duşuşygynda: Gazadaky atyşygy bes etmek üçin çalt çözgüt ýol kabul etmeli
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşygynda Gazadaky atyşygy bes etmek şertnamasynyň çalt we gyssagly çözülmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi penşenbe güni Moskwada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy we pikir alyşdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Bu duşuşykda Raisi Tähran-Moskwa gepleşikleriniň goňşyçylyk syýasata laýyklykda ösdürilip bilinjekdigini aýtmak bilen Eýran bilen Russiýanyň energiýa, oba hojalygy we bilimlere esaslanýan işlerinde gowy hyzmatdaşlygy bar we iki ýurduň we hökümetiň bähbidi üçin has gowy ädimler ädilip bilner diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti häzirki wagtda adamzadyň ejir çekýän zadynyň birtaraplaýynlyk we adalatsyz global sistema bolandygyny aýtmak bilen Palestinde bolup geçýän wakalar genosid we adamzada garşy jenaýat bolup, 5000-den gowrak çaganyň sionist režimi tarapyndan şehit bolmagy gynandyrjydyr diýdi.
Raisi: Gazadaky sionist režimiň jenaýatyny ABŞ we Günbatar ýurtlary goldaýar we adam hukuklaryny öňe sürýän halkara guramalaryň netijeliligini ýitirmegi gynandyryjydyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Sionist režimiň Gazada bigünä aýal-gyzlary we çagalary öldürmekdäki jenaýatlaryna ünsi çekip, bu partlamalar mümkin boldugyça gysga wagtda togtadylmaly we bu meselede çalt we gyssagly çözgüt tapylmalydyr diýip sözlerine goşdy.
Bu duşuşygyň dowamynda Russiýanyň prezidenti Palestina meselesine ünsi çekmek bilen sebitdäki wakalary ara alyp maslahatlaşmagy möhüm hasaplady.
Putin sözüni dowamynda meýilnama laýyklykda Eýran Yslam Respublikasy bilen Ýewraziýa Ykdysady Delegasiýasy bilen erkin söwda gurmak baradaky şertnama gol çekişmek Russiýanyň meýilnamasyndadyr diýdi.