General-maýor Salami: Hiç kim Eýrana hüjüm etmäge het edip bilmeýär
Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi häzirki wagtda hiç kimiň Eýranyň milletine we topragyna hüjüm etmäge batyrlygy ýokdyr diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýasy Goragçylar Korpusynyň baş serkerdesi general-maýor Huseýin Salami penşenbe güni Gündogar Azarbaýjan welaýatynyň (Eýranyň demirgazyk-günbatary) 10,000 şehidiniň ýadygärliginde Yslam Eýranyň abraýynyň şehitlereriň hemişelik mirasydygyny aýtmak bilen şehitler Eýrany abraýyň iň ýokary derejesine çykardylar we häzirki wagtda dünýäniň her künjeginde syýasatçylar we şahsyýetler gürleşilende Eýran hakda hormat bilen gürleýärler diýdi.
General-maýor Salami duşmanlaryň henizem musulman halklaryny hukuklaryndan mahrum etmäge synanyşýandyklaryna salgylanyp olar Palestina ýaly musulman topraklaryny basyp almak isleýärler; Muňa mysal hökmünde Gazadaky hüjüm we bu topragy bombalamak mysal bolup biler diýip nygtady.
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi Sionist režimiň keselhanalara we ýaşaýyş we hyzmat ediş ýerlerine eden hüjümlerini ýazgarmak bilen çaga öldürmek Sionist režimiň buýsanjydyr we Sionistler köp sanly halkyň we çagalaryň, garrylaryň we aýallaryň şehit bolmagyny özlerniň ýeňişi hasaplaýarlar diýdi.
General-maýor Salami şeýle-de häzirki wagtda dünýä halklarynyň arasynda Sionist režime garşy jemgyýetçilik ýigrenji iň ýokary derejesine ýetendigini aýtmak bilen ähli halklar Palestini goldamak we sionist režimiň jenaýatlaryndan ýigrenýändiklerini mälim etmek üçin meýdança geldiler diýip sözlerine goşdy.