Dec 17, 2023 17:55 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri: Ysraýyl režimi hamala üstünlik gazanmak üçin DAEŞ-dan has agyr jenaýatlary edýär

Eýranyň daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Sionist režimiň häkimiýetleri hamala üstünlik gazanmagy üçin we utandyryjy taryhy şowsuzlyklarynyň öwezini dolmak üçin DAEŞ-nyň özüni alyp barşyndan has agyr jenaýatlary dowam etdirýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian ýekşenbe güni wirtual giňişlikde Hamas 70 günden soň ýok edilmedi; Garşylyk ýaragsyzlandyrylmady; Sionist harby tussaglar uruş arkaly boşadylmady; Gaza zolagynyň ýaşaýjylaryny mejbury göçürilmek meýilnamasy başa barmady diýip ýazdy.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de aýallara we çagalara garşy uruş jenaýatlarynyň dowam etmegine garamazdan, Palestina indi bu deňsizligiň ýeňijisi boldy diýdi.

Tags