Raisi: Eýran Yslam Respublikasynyň syýasaty ezilenleri goramakdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýranyň ezilenleri goramak we sütemkärlere garşy çykmak syýasatyny yglan etdi.
IRNA-nyň beren habaryna görä, Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, şu gün (şenbe) Zanjan halkynyň ýygnagyna gatnaşdy we Kermanyň Şehitler Golzarynyň terrorçylykly jenaýatyny ýazgarmak bilen we Eýran Yslam Respublikasynyň syýasatynyň dünýäniň ezilenlerini goramak we sütemkärlere we tekepbirlere garşy durmakdygyny aýtmak bilen duşmanlaryň dürli ugurlardaky dildüwşüklerine garamazdan, Eýran halky aýak üstünde dur we ýeňiş gazandy diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýranyň ylym we tehnologiýa pudagyndaky ösüşine ünsi çekmek bilen sanksiýalara we duşmançylyga garamazdan, Eýran halky uly üstünlikler gazandy we ylahy gymmatlyklara daýanmak arkaly ösen we tehnologiki ýurt bolup biljekdigini bütin dünýä görkezdi we häzirki wagtda Eýran dünýäde şeýle ýurtdyr diýip beýan etdi.
Raisi, Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanýandygyny belläp, duşman alymlary öldürmek bilen ýurduň ýadro pudaklaryny duruzyp biler öýdüpdi; Emma başarmady diýdi.
Raisi Gazadaky wakalar barada sözüni dowam etdirip, Eýran halky we Şehit Soleýmany bilen duşmançylygyň sebäbi, Yslam Respublikasynyň ulgamynyň, millet we Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Palestinanyň hukuklaryny we ezilenleriň hukuklaryny nygtamagydyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti nahakyň ýok ediljekdigini we ezilen Palestiniň güýçlidigini we galp sionist režimiň hökman ýok edilmelidigini aýtdy.