Eýran ABŞ we Iňlisleriň Ýemende guran hüjümlerini berk ýazgardy
(last modified Fri, 12 Jan 2024 08:40:21 GMT )
Jan 12, 2024 13:40 Asia/Ashgabat
  • Eýran ABŞ we Iňlisleriň Ýemende guran hüjümlerini berk ýazgardy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ we Iňlisleriň Ýemende guralan hüjümlerini berk ýazgardy we muny esassyz hereket, Ýemeniň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini aç-açan bozmak we halkara kanunlarynyň we düzgünleriniň bozulmagy diýip atlandyrdy.

Amerika we Iňlis anna güni irden Ýemeniň demirgazygynda we günbatarynda Ansarullah hereketiniň güýçleriniň ulanýan 12-den gowrak ýerini bombalady.

Ýemen häkimiýetleriniň habar bermegine görä, bu hüjümlerde Sanaa, Hodeidah, Saada we Zamar şäherleri nyşana alyndy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" bu hüjümleri esassyz hereket, Ýemeniň özygtyýarlylygynyň we territorial bitewiliginiň aç-açan bozulmagy we halkara kanunlarynyň we düzgünnamalaryň bozulmagy diýip atlandyrmak bilen bu harby hüjümler, Sionist režimiň Palestina halkyna we Gaza zolagynyň gabawy astyndaky ezilen raýatlara garşy söweş jenaýatlary üçin ABŞ we Iňlisiň doly goldawynyň dowam etmegine laýyk gelýär  diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bu eden-etdilikli hüjümleriň sebitdäki howpy we durnuksyzlygy güýçlendirmekden başga netije bermejekdigini aýtmak bilen Sionist regimi Gaza zolagynda we Palestindäki Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky hüjümlerini we söweş jenaýatlaryny dowam etdirýärkä, Amerika we Iňlis sionist režime doly goldawyny giňeltmäge synanyşýarlar we dünýä halkynyň ünsüni palestina halkyna garşy bolýan jenaýatlaryndan sowmak ugurda tagalla edýärler diýdi.

Kanani sebitleýin we halkara parahatçylyk we howpsuzlyk üçin şeýle eden-etdilikli hüjümleriň gaýtalanmagynyň netijelerine alada bildirmek bilen halkara jemgyýetçiligini jogapkär reaksiýalar we hereketler bilen sebitde söweşiň, durnuksyzlygyň we howpsuzlygyň ýaýramagynyň öňüni almaga çagyrdy.

Bu aralykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Iňlisiň irdenki hüjümleri käbir ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinden ABŞ bilen Iňlisiň bilelikdäki Ýemene howa hüjümine garşy gyssagly ýygnak geçirmegini haýyş eden reaksiýa bilen utgaşdy.

Bu hüjümlere jogap hökmünde Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrligi Riýadyň bu "harby operasiýalara" alada bildirýändigini aýtdy.

Saud Arabystanyň Daşary işler ministrligi mundan başga-da Gyzyl deňzinde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga, dartgynlylygyň ýokarlanmagynyň öňüni almaga we saklanmaga çagyrdy.

Tags