Pakistanyň Tährandaky ilçihanasynyň jogapkär wekilini Eýranyň Daşary işler ministrligine çagyrmak
Şu gün irden (penşenbe) Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynyň serhetýaka obasynda bolan partlamadan soň, bu ýurduň Tährandaky ilçihanasynyň jogapkär wekili Eýranyň Daşary işler ministrligine çagyryldy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranly däl ýedi adamyň, şol sanda dört aýal we üç çaganyň ölümine sebäp bolan partlamadan soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Pakistanyň Tährandaky ilçihanasynyň jogapkär wekilini hüjüm barada düşündiriş bermek üçin çagyrdy.
Ondan öň Eýran Yslam Respublikasy şu gün irden Sarawanyň golaýyndaky serhet obasynda bolan partlama barada Pakistan häkimiýetlerinden gyssagly düşündiriş talap etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni eden çykyşynda terrorçylyga garşy göreş meselesinde Eýran bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyga ünsi çekmek bilen Pakistan Eýranyň içinde pakistanly terroristleriň buky ýerlerini nyşana aldy, netijede birnäçe terrorist öldürildi divip yglan etdi.
Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanynda Eýranyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine doly hormat goýýarys diýip getirilendir.
Bu aralykda, durmuşda Eýran-Pakistan serhedindäki ýagdaý asudadyr we Mirjaveh serhet terminalynyň dolandyryjysy Huseýin Ali Şah Karamyň aýtmagyna görä, Eýran-Päkistan serhedi açyk we üstaşyr ulaglaryň hereketi hiç hili kynçylyksyz dowam edýändir.