Eýran Päkistanyň Sarawana guran hüjümini ýazgardy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şu gün irden (penşenbe) Pakistanyň Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan we Bulujystandaky Sarawanyň serhedinde eden hüjümini ýazgardy.
Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynyň häkiminiň syýasy howpsuzlyk boýunça orunbasary "Alireza Marhamati" şu gün irden (penşenbe) ir sagat 4: 30-da Sarawan şäheriniň çäginde birnäçe partlamanyň sesi eşidildi we derňewlerden soň Pakistanyň Eýranyň serhet obalaryndan birini nyşana alandygy anyklandy diýdi.
Marhamatiniň sözlerine görä, bu hüjümde 3 aýal, 4 çaga we 2 sany eýran däl erkek öldi.
Bu mesele bilen baglanşykda we Tasnimiň habarlar gullugynyň beren habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" Pakistan tarapyndan Eýran Yslam Respublikasynyň serhet ýakasyndaky bir nokada edilen hüjümi ýazgardy.
Kanani şeýle-de nägileligi resmi taýdan habar bermek we bu meselede Pakistan hökümetinden düşündiriş soramak üçin bu ýurduň ilçihanasynyň jogapkär wekili Eýranyň Daşary işler ministrligine çagyryldy diýdi.
Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Mumtaz Zahra" bu ýurduň terrorçylyga garşy göreşde Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekip Eýran biziň dogan ýurdumyzdyr we Pakistan goňşusynyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine hormat goýýar diýdi.
Mumtaz Zahra sözüniň dowamynda, dartgynlygy güýçlendirmek islemeýäris we Eýran bilen Pakistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny göz öňünde tutsak, sebitdäki parahatçylyga we howpsuzlyga täsir etmek üçin çäre görülmez diýlip garaşylýar diýdi.
Mundan ozal Pakistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynyň Sarawanyň golaýyndaky serhet obasyna edilen hüjümler barada beýanat berip, Päkistanyň Eýranyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine doly hormat goýýandygyny bellemek bilen Yslamabat, umumy howplar, şol sanda terrorçylyk howpy sebäpli Tähran bilen gepleşikleri we hyzmatdaşlygy dowam etdirer diýip yglan edipdi.