Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň, Günbataryň Eýrana garşy edýän basyşynyň abzaly bolmagy
Eýran, Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen borçnamalaryndan has köp hyzmatdaşlyk eden hem bolsa, Günbatar ýurtlary agentligiň baş müdiri arkaly Eýrana syýasy basyşlaryny dowam etdirýärler.
Eýran Yslam Respublikasy, Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen borçnamalaryndan has köp hyzmatdaşlyk eden hem bolsa, Günbatar ýurtlary agentligiň baş müdiri arkaly Eýrana syýasy basyşlaryny dowam etdirýärler.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri "Rafael Grossi", jogapkärçiliginiň çäginden daşda hasaplanýan syýasy beýanatlarynda Eýranyň Günbatar bilen dawasy sebäpli Agentlik bilen hyzmatdaşlygy girew alandygyny toslady. Rafael Grossi""Dawos" sammitiniň çäginde beren interwýusynda ,Eýran, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň käbir inspektorlaryny raýatlygy sebäpli kabul etmedi we ret etdi divip nygtady. Rafael Grossi"şeýle-de Haçanda Fransiýa ýa-da Angliýa ýa-da Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýrana garşy amal etseler,Eýran olar bilen çekeleşikleri üçin Halkara Atom Energiýasy Guramasyny girew alýar, Bu biziň üçin kabul ederliksiz bolýar diýdi . "
Eýrany syýasy işde aýyplamak, elbetde, Agentligiň Baş müdiriniň täze işi däldir. Golaýda Agentligiň Eýrandaky käbir inspektorlarynyň ygtyýarnamasyny ýatyrandan soň, Grossi bu çäreleriň Agentligiň adaty işine täsir edýändigini öňe sürüpdi.
2023 -nji ýylyň martynda Grosiniň Tährana iki günlük sapary wagtynda ,Eýran Yslam Respublikasy ,Mejlisiň strategiki kanunynyň (Sanksiýalary aýyrmak we ynkylaby goramak üçin strategiki hereket kanuny) çäginde, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň inspektorlarynyň ýadro desgalaryna gözegçilik etmeklerine meýletin razy boldy.
Bu, IAEA-nyň agza döwletleriniň howpsuzlyk şertnamasyna esaslanýan kanuny borçnamalary bilen Eýran ýaly ýurtlaryň meýletin kabul eden borçnamalary bilen parh etýändir. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýrana sanksiýalaryny dowam etmegine garamazdan, Eýran Yslam Respublikasy ýadro ýlalaşygy bilen baglanyşykly Agentiligiň barlag we gözegçilik işlerine meýletin razy boldy.
Şundan ugur alyp, Eýran Yslam Respublikasy Günbataryň esassyz talaplaryny ret edip, ýurtlaryň gorag pudagyndaky borçlarynyň çäksiz däldigini hemişe nygtady.