Sionist režime garşy Günorta Afrikanyň şikaýatyny Eýran goldaýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Tähranyň Günorta Afrikanyň Sionist režiminiň Gazadaky genosidine garşy Halkara Adalat Kazyýetinde eden şikaýatyny goldaýandygyny aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä,Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi penşenbe güni agşam Günorta Afrikanyň prezidenti Kiril Ramafosa bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde birnäçe ýyl bäri jynsparazlygyň we genosidiň ajylygyny başdan geçiren bir ýurduň bu hereketi, diňe bir yslam dünýäsinde däl, eýsem dünýäniň ähli erkin söýýän ýurtlary tarapyndan hem öwülýär diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Sionist režimiň we onuň tarapdarlarynyň bu işiň çözülmeginde hökman päsgelçilik döretmek isleýändiklerine yşarat edip, adamzat jemgyýeti we ähli halklar bu kazyýetden adalatyň ýerine ýetirilmegine we jenaýatkär Sionist režiminiň ýazgarylmagyna garaşýarlar diýdi.
Raisi, Eýran Yslam Respublikasynyň Günorta Afrikanyň bu hereketine berk goldaw berýändigini mälim etmek bilen bu çäre, halkara guramalarynyň hereketsizligi we gowşaklygy döwründe bu ýurduň dünýäde jynsparazlyga garşy we adalat gözleýän ýurt hökmünde pozisiýasyny kesgitlär diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, şeýle hem, Eýranyň we Günorta Afrikanyň dürli mümkinçiliklerine ünsi çekdi we iki ýurduň arasynda dürli syýasy, ykdysady we ylym we tehnologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň has ýokary derejelere çykmagyna ünsi çekdi.
Günorta Afrikanyň prezidenti Kiril Ramafosa hem şu telefon söhbetdeşliginde Yslam Respublikasynyň Günorta Afrika halkynyň kyn günlerde hakyky we ygtybarly dost hökmünde hemişe durandygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy palestina halkyna elmydama goldaw berdi we hukuklaryny ýerine ýetirmek isleýär diýdi.
Günorta Afrikanyň prezidenti, Sionist režimini goldaýan käbir ýurtlaryň oppozisiýasynyň bu ýurduň sionist režiminiň genosidine we jenaýatçylygyna garşy göreşmek islegine netijesizdigini aýtmak bilen Amerika we käbir günbatar ýurtlary halkara gatnaşyklarynda elmydama ikiýüzli çemeleşýärdiler, emma olaryň hakyky ýüzi Gazadaky pajygalarda ýüze çykdy we dünýä halklary olarda adam durmuşynyň aladasynyň ýokdugyna düşündiler diýip sözlerine goşdy.