Tähran we Yslamabat gatnaşyklary berkitmek barada ýlalaşyga ýetdiler
(last modified Tue, 30 Jan 2024 13:53:09 GMT )
Jan 30, 2024 18:53 Asia/Ashgabat
  • Tähran we Yslamabat gatnaşyklary berkitmek barada ýlalaşyga ýetdiler

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, Yslamabatda Pakistanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşdy.

 Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, Yslamabatda Pakistanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşandan soň, iki tarapyň terrorçylyga garşy göreşmek we ähli pudaklarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak kararyna gelendygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahiýan, pakistanly kärdeşiniň bu ýurduň resmileri bilen duşuşmak we gepleşik geçirmek baradaky çakylygyna jogap edip,Yslamabat şäherine sapar edipdi,ol  sosiýal ulgamda ýazan sargydynda Pakistanyň Premýer-ministr, Daşary işler ministri we Pakistan goşunynyň serkerdesi bilen duşuşandygyny we bu duşuşyklarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hakda şeýle-de halkara wakalar barada maslahatlaşandygyny beýan etdi.

Bu sapar, Eýran bilen Päkistanyň arasyndaky soňky üýtgeşmeler soňra bolandyr. Eýran Pakistanyň içindäki terrorçylyk elementleriniň merkezine hxjxm edipdi we Pakistan hem terror toparynyň elementlerini ýok etmek bahanasy bilen Eýranyň serhet nokadyna hüjüm edendir. Bu wakalardan soň, Eýranyň we Pakistanyň Daşary işler ministrligi bilelikdäki beýanynda Tähranyň we Yslamabadyň ilçileriniň iki tarapyň ylalaşygy bilen iş ýerlerine gaýdyp geljekdigini habar berdi. Eýranyň we Pakistanyň serhetýaka sebitlerinde çäkli we gysga möhletli dartgynlylykdan soň, iki ýurduň daşary işler ministrleri Hosseýn Amirabdollahiýan we Jelil Abbas Jeýlani telefon arkaly duşmanlaryň dostlugyny bozmagyna ýol bermejekdiklerini aýtdylar we iki ýurduň parahatçylygyň we howpsuzlygynyň goralmagyny islediler. Iki ýurduň prezidentleri hem iki ýurduň arasyndaky ýakyn we doganlyk gatnaşyklaryna salgylanyp, beýanatlarynda käbir düşünişmezlikleri çözmek üçin geňeşmeleriň köpelmegine ünsi çekdiler.

 Pakistanyň Daşary işler ministry eýranly kärdeşi bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň halky üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhümdigini we syýasy we howpsuzlyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy gowulandyrmagy maksat edýärler diýdi.  

Soňky serhet dartgynlygyny çözmek üçin Eýranyň we Päkistanyň häkimiýetleriniň yzygiderli tagallalary dowam tapandyr. Eýranyň diplomatik ulgamynyň ýolbaşçysynyň Pakistana sapary, bu iki ýurtda umumy howpsuzlyk duýgusynyň bardygyny görkezýär. medeni, geografiki we taryhy umumylyklary bolan ýurtlar gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny talap etýärler.

 

Tags