Feb 01, 2024 13:22 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň

Şu gün (penşenbe) 1402-nji Hejri-şamsi ýylyň Bahman aýynyň 12-nji güni, 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyna deňdir, Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň mübärek Fajr ongünlüginiň başlanýan günidir.

45 ýyl ozal bu gün, 1357-nji ýylyň Bahman aýynyň 12-nji güni (1979-njy ýylyň 1-nji fewraly), Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýni (RA), on bäş ýyl watanyndan sürgün edilenden soň, halkyň mähirli garşylanmagynyň arasynda Yslam Eýranyň topragyna girdiler.

Ol hezretiň Eýrana geleninden on gün soň, 1357-nji ýylyň Bahman aýynyň 22-nji güni, (1979-njy ýylyň 11-nji fewraly) Eýranyň şöhratly Yslam Rewolýusiýasy ýeňiş gazandy.

Şol sebäpli, Bahmanyň 12-nji gününden başlap, Ymam Homeýniniň (RA) Eýrana gelen gününden, Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňiş güni bolan Bahmanyň 22-nji gününe "Fajr ongünlügi" diýilýär we her ýyl,  Bu günler Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşi üçin ýörite dabaralar we baýramlar  geçirilýär.

Düýn (çarşenbe), Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşiniň ongünlüginiň öňüsyrasynda, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri Ymam Homeýniniň (RA)  ybadathanasynda we Şehitler Golzarynda huzurly bolup Namaz we Guran okamak bilen Eýranyň beýik ymamynyň hatyrasyna hormat goýdular.

Bu aralykda, mübärek Fajryň ongünlüginiň we Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 45 ýyllygynyň öňüsyrasynda düýn irden Eýranyň hemme ýerinde mekdeplerde "Yslam Rewolýusiýasy jaňy" ýaňlandy.

Tags