Amir Abdollahianyň Iňlisiň Daşary işler ministrine beren maslahaty: Sebitiň gaharyny synamaň
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24318-amir_abdollahianyň_iňlisiň_daşary_işler_ministrine_beren_maslahaty_sebitiň_gaharyny_synamaň
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri X sosial ulgamynda Iňlisiň Daşary işler ministri bilen duşuşygy barada bir tekst çap edip, bu duşuşykda urşuň dowam etmeginiň çözgüt däldigini we sebitde gahar-gazabyny synamaň diýip yglan edendigini aýtdy.
(last modified 2024-02-05T07:02:40+00:00 )
Feb 05, 2024 12:02 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahianyň Iňlisiň Daşary işler ministrine beren maslahaty: Sebitiň gaharyny synamaň

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri X sosial ulgamynda Iňlisiň Daşary işler ministri bilen duşuşygy barada bir tekst çap edip, bu duşuşykda urşuň dowam etmeginiň çözgüt däldigini we sebitde gahar-gazabyny synamaň diýip yglan edendigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Amerikan we Iňlisiň Ýemende eden hüjümlerini we Amerikanyň Yrak we Siriýa garşy agressiýasyny berk ýazgardy.

Amir Abdollahin şeýle-de Eýranyň Yrak, Siriýa, Ýemen we Palestinanyň howpsuzlygyny sebitiň howpsuzlygy bilýändigini aýtdy.

Ondan öň, 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Iňlisiň Daşary işler ministri Deýwid Kameron bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde, Palestina krizisi 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndaky wakalara däl-de, eýsem Ysraýyl režiminiň 75 ýyllap basyp almagy, palestinalylaryň esasy hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy, Palestindäki uruş jenaýatlary we ezilen milletiň genosidi bilen baglanyşyklydygyny aýdandyr elbetde, bu meselelerde Angliýanyň roly aýdyňdyr.

2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan başlap, ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň, şol sanda Britaniýanyň aç-açan goldawy we Palestina Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) bilen söweşmek bahanasy bilen genosid sionist režimi Gaza zolagyna garşy howa we gury ýer hüjümlerini başlady we bu sebitde şu wagta çenli 100,000-den gowrak palestinaly şehit, ýaraly ýa-da ýitrim boldy.

Amerika we Angliýa soňky hepdelerde hem Ýemene birnäçe gezek hüjüm etdiler.

Bu hüjümler Ýemen goşuny soňky hepdelerde Gyzyl deňzde we we Bab al-Mandab bogazynda birnäçe sionist gämini ýa-da basyp alan ýerlerine gidýän gämini nyşana alandan soň bolup geçdi.