Feb 06, 2024 20:07 Asia/Ashgabat
  • Ynkylap lideriniň yslam halklarynyň sionist režimine aýgytly zarba urmagy islemekleri

Ynkylapyň ýokary derejeli lideri, Gazadaky häzirki uruş barada aýdyp, musulman ýurtlarynyň Kudusy basyp alan režimine aýgytly zarba urmagyny islediler.

   Ynkylapyň ýokary derejeli lideri, Gazadaky häzirki uruş barada aýdyp, musulman ýurtlarynyň Kudusy basyp alan režimine aýgytly zarba urmagyny islediler

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Hezreti Aýatolla Hameneýi Fajryň 10-günlik baýramçylygy bilen bir wagtyň özünde we Eýranyň howa güýçleriniň Homafar atly harbylarynyň bir toparynyň 1357-nji H.Ş ýylyň 19-njy Bahmanynda Ymam Homeýni (RA) bilen äht baglaşmak wakasynyň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda , Eýran Yslam Respublikasynyň Howa güýçleriniň we howa goranyş güýçleriniň serkerdeleriniň we işgärleriniň bir topary bilen duşuşyp Gaza uruşy ýaly dürli temalar barada açyklama berdiler.

Ynkylap lideriniň Gaza uruşy baradaky çykyşynda ilkinji nokat bu uruşda adam pajygalarynyň ýüze çykmagy boldy. Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan yglan edilen iň soňky statistikalara görä, Sionist režimiň Gaza zolagyna garşy uruşynyň 122 gününde 27,478 adam şehit boldy we 66,835 adam ýaralandy. 7000 töweregi adam henizem tapylan däldir we harabalygyň aşagyndadyr. Başgaça aýdylanda, bu uruşda her gün ortaça 225 adam şehit bolup, 542 adam ýaralandy. Bu statistika, Sionist režimiň Gaza zolagyndaky genosidiniň aýdyň mysalydyr.

Şeýle-de bolsa, bu jenaýata garamazdan yslam ýurtlary sionist režimiň jenaýatlaryny duruzmak üçin çynlakaý çäre görmediler we bu hereketsizlik Gazadaky bu genosidiň dowam etmeginde-de möhüm faktor bolup durýar. Yslam hökümetleriniň bu uruş bilen baglanyşykly ümsümliginiň we passiwliginiň kölegesinde Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary lideri eden çykyşynda musulman ýurtlaryndan sionist režimine aýgytly zarba urmagy üçin öz hökümetlerine basyş etmegini islediler. Aslynda, rewolýusiýanyň ýokary lideri bu teswiri yslam hökümetleriniň Gazadaky jenaýata bolan çemeleşmesini tankytladylar. Bu meselede Aýatolla Hameneýi halklaryň sionist režimine berýän goldawyny kesmäge mejbur etmek güýjüniň bardygyny nygtap şeýle diýdiler: “Bu rehimsiz we möjek ýaly režim aýal-gyzlary, çagalary we syrkawlary öldürse-de, ýöne käbir yslam ýurtlary oňa ykdysady kömek berýärler we hatda käbirleriniň sionist režimine ýarag berýändigi eşidýäris diýdiler.

 

 

 

Tags