22-njy Bahman we Eýranlylaryň epiki ýol ýörişi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24364-22_njy_bahman_we_eýranlylaryň_epiki_ýol_ýörişi
Şu gün 2024-nji ýylyň 11-nji fewraly Hejri Şämsi sene namada 1402-njy ýylyň 22-njy Bahmany , Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 45 ýyllygydy.
(last modified 2024-02-11T16:07:32+00:00 )
Feb 11, 2024 21:07 Asia/Ashgabat
  •   22-njy Bahman we Eýranlylaryň epiki ýol ýörişi

Şu gün 2024-nji ýylyň 11-nji fewraly Hejri Şämsi sene namada 1402-njy ýylyň 22-njy Bahmany , Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 45 ýyllygydy.

Şu gün (ýekşenbe), 2024-nji ýylyň 11-nji fewraly Hejri Şämsi sene namada 1402-njy ýylyň 22-njy Bahmany , Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 45 ýyllygydy. Bu ýyl, öňki ýyllardaky ýaly, Eýranyň halky, Eýranyň dürli sebitlerinde 22 Bahmanyň  ýol ýörişinde epiki we joşgunly gatnaşdy.Soňky 45 ýylda 22 Bahman ýörişinde eýran halkynyň köp we bitewi bolmagy çydamlylygyň nyşany hökmündedir we Agzybirlik   bilen eýran halkynyň agalyk ediş ulgamynda ýeňiş gazanmagy baýram boldy. Bu milli gün, Eýran halkynyň iň uly taryhy wakalarynyň birini ýatladýar; Soňky 45 ýylda islendik ýagdaýda köçelere çykan we rewolýusiýanyň gymmatlyklaryny goramakda dünýäde agzybirligini we jebisligini görkezen eýran halkydyr. Bu ýyllarda Yragyň Eýrana garşy alyp baran söweşiniň sekiz ýylynda Baas duşmanynyň partlamalary, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we onuň ýaranlarynyň syýasy we ykdysady basyşlary Eýran halkynyň bu ýoly dowam etdirmek kararyna zerer ýetirip bilmedi. Duşmanlar ynkylapy gowşak we peseldip bilen däldir. Halkyň Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň ýyl dönümine gatnaşmagy olaryň oýanmagynyň we hüşgärliginiň, agzybirliginiň we duýgudaşlygynyň sahnasy bolup, ýurduň ykbalyna üns berip, duşmanlaryna ýigrenýändigini yglan etmek hökümindedir. Bu çäre ýagny 22-njy Bahmanyň ýolýörişi  şeýle-de Yslam ulgamynyň dostlaryny huşal etýär we ynkylapyň içerki we daşarky duşmanlarynyň dildüwşükleri täsirsiz etýär.

Bu ýylky,22-njy Bahmanyň ýörişine gatnaşanlar, sionist režimiň Palestina topraklaryna hujumlarynyň täze tapgyry sebäpli ýurduň we sebitiň duýgur şertlerini göz öňünde tutup, jemleýjy beýannama bilen Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň ideallary bilen,Ymam Homeýnini (RA) bilen we Yslam Rewolýusiýasynyň  belent mertebeli ýolbaşçysy bilen gaýtadan äht baglaşyp, garşylyk we zuluma garşy çykyşlaryny görkezdiler. Şol bir wagtyň özünde, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Seýet ebrahim Raisi", ýörişe çykan mähelläniň içinde sionist režimiň Gazadaky jenaýatlaryna we Amerikanyň bu režimi goldaýandygyna ünsi çekip, hüjümleriň çalt bes edilmegini nygtady.Emma , Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti  ,Sionist režimiI we Günbataryň yzygiderli basyşyna garamazdan, Eýranyň hlakynyň Palestina we Yslam Rewolýusiýasynyň ideallaryna goldaw bermegini dowam etdirýändigini aýtdy.