Feb 13, 2024 17:10 Asia/Ashgabat
  • Kataryň emiri, Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina halkyna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi

Kataryň emiri, Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina halkyny goldamak we Gaza zolagynda söweşi bes etmek üçin syýasy çözgüt tapmak ugrundaky yzygiderli diplomatik hereketlerine we tagallalaryna ýokary baha berdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad al-Tani sişenbe güni Doha şäherinde Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian bilen duşuşanda Palestina halkyny goldamak, galp Ysraýyl režiminiň Gaza zolagyna garşy hüjümlerini bes etmek, ynsanperwer kömegini ibermek we Palestina dolandyryşy üçin Palestina-Palestina çözgüdini tapmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň dowam etjekdigini aýtdy.

Kataryň emiri, Doha bilen Tähranyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň çuňlugyndan kanagatlanýandygyny aýtmak bilen Katar bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar hiç haçan biri-birine beýle ýakyn bolmandy, bu iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde gazanan üstünligini görkezýär diýdi.

Amir Abdollahian hem Eýran bilen Kataryň dürli ugurlardaky gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna oňyn baha bermek bilen Eýranyň we Kataryň prezidentleriniň duşuşygynda baglaşylan şertnamalaryň doly ýerine ýetirilmegi iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin esas bolar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Kataryň Eýran bilen baglanyşykly käbir aýratyn meselelerde araçy we hoşniýetli roluna ýokary baha berdi.

Amir Abdollahian, Gaza zolagynda bolup geçen pajygaly wakalara salgylanyp, Eýranyň bu sebitdäki söweşi bes etmek baradaky diplomatik tagallalaryny yşarat edip, Tähran-Dohanyň Palestindäki sionist genosidini ýok etmek, Gazanyň gabawyny aýyrmak, derrew gumanitar kömek ibermek, palestinalylaryň göçmeginiň öňüni almak we palestinalylara kömek etmek üçin syýasy çözgüt tapmak üçin bilelikdäki tagallalaryny dowam etdirmegiň we çaltlaşdyrmagyň ähmiýeti barada we uruşdan soňky döwürde Gazany we Günbatar Şeriýany dolandyrmak üçin palestina-palestina çözgüdi we uruşdan soň harabalyklaryň gaýtadan dikeldilmegini nygtady.

Eýranyň daşary işler ministri, şeýle hem Amerikanyň Gaza krizisine bolan garaýşyna we sebitdäki söweşiň gerimini giňeltmek islemeýändigini öňe sürmegine salgylanyp Ýemene garşy harby hüjüm we Yrakdaky we Siriýadaky harby hüjümler, şol bir wagtyň özünde galp Ysraýyl režiminiň söweşjeň hereketlerini doly goldamak ABŞ hökümetiniň toslamalaryna ters gelýär diýdi.

Tags