Kanani: 14 milliard dollarlyk kömegiň tassyklanmagy, Sionist jellatlaryna Amerikanyň sylagydyr
(last modified Mon, 19 Feb 2024 08:07:36 GMT )
Feb 19, 2024 13:07 Asia/Ashgabat
  • Kanani: 14 milliard dollarlyk kömegiň tassyklanmagy, Sionist jellatlaryna Amerikanyň sylagydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň Senatynyň sionist režime berýän 14 milliard dollarlyk kömegini tassyklamagy, bu ýurduň Netanýahu we Gazadaky deňsiz söweşde gatnaşýan Sionist režiminiň jellatlary üçin sylag diýip hasaplady.

Geçen hepde ABŞ-nyň Senaty 95,3 milliard dollarlyk milli howpsuzlyk bukjasyny tassyklady. Bu bukja Ukraina, sionist režime we Taýwana harby kömek ibermek üçin düzgünleri öz içine alýar, olardan 14 milliard dollar genosid Ysraýyl režimine bölünip berilýär.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani düýn (ýekşenbe) X hasabynda şeýle ýazdy: ABŞ-nyň Senatynda sionist režime Waşingtonyň 14 milliard dollarlyk kömeginiň, ol hem amerikan salgyt töleýjileriniň jübüsinden tassyklanmagy muny duşundyrýar welin bu, Ysraýyl režiminiň premýer-ministri "Benýamin Netanýahunyň" we Gazadaky deňsiz söweşiň bolan ýerinde beýleki jellatlaryň bigünä parahat palestinalylaryň öldürilmegi üçin ABŞ-dan her gün ýüz million dollar sylag aljakdygyny aňladýar.

Kanani, Sionist režimiň Gazadaky genosidiniň bes edilmelidigini nygtamak bilen diňe adamlary öldürmek esasynda gurlan korrumpirlenen we despotik gurluşlar bigünäleriň öldürilmegine köp pul sarp edip biler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary palestina halkynyň sionistler tarapyndan öldürilmeginiň esasy tarapdarlary bolan Amerikalylara ýüzlenmesiniň ahyrynda: "Genosidi bes ediň" diýip ýazdy.

Amerikan hökümeti 7-nji oktýabrda Gaza garşy sionist söweşi başlany bäri; Her aý bu jenaýatçy režime, esasanam her dürli ýarag, ok-däri we bomba ibermek üçin giňişleýin kömegini artdyrdy, bu bolsa Ak tamyň we Amerikanyň häkimiýetleriniň ezilen palestinalylara garşy sionist jenaýatlaryna gatnaşýandygyny görkezýär.

Tags