Feb 21, 2024 20:28 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Amerikanyň Gazadaky ot açyşlygy bes etmek baradaky kararyny weto etmegi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Gaza zolagynda atyşygyň bes edilmegi baradaky kararyň tassyklanmagynyň öňüni almakda ABŞ tarapyndan weto ulanylmagyny asyryň diplomatik betbagtçylygy diýip hasaplady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Gaza zolagynda gyssagly ýaraşyk döretmek baradaky Alžir tarapyndan Arap toparynyň ýurtlarynyň adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde hödürlän teklibini bu geňeşiň agzalaryndan 13 oňyn ses alandygyna garamazdan, oňa weto goýdy.

Bu mesele bilen baglylykda we IRNA-nyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, ABŞ-nyň BMG Howpsuzlyk Geňeşinde wetosynyň ulanylmagy bilen baglanyşykly internet giňişliginde şahsy sahypasynda, ABŞ-nyň hökümetiniň Gazadaky ýine ot açyşlygy bes etmek baradaky karar taslamasyna birnäçe gezek weto goýmagyny "asyryň diplomatik betbagtçylygy" diýip atlandyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministri bu gaýtalanýan weto Ysraýyl režiminiň Gazadaky genosidiniň we Palestinanyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky söweş jenaýatlarynyň halkara jogapkärçiligini aç-açan görkezýär. Dünýä Amerikany jogapkärçilige çekmelidir.

Tags