Amir Abdollahian: Palestina halkynyň hukuklary üpjin edilip Gaza zolagynda genosid bes edilmelidir
Eýranyň Daşary işler ministri syýasy çözgütleriň kabul edilmegine we Birleşen Milletler Guramasynyň kararlaryna ünsi jemläp, palestinalylaryň hukuklaryny talap etmegi we Gaza zolagynda genosidiň bes edilmegini nygtady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni Wengriýanyň Daşary işler ministri Piter Siarto bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Eýran Yslam Respublikasy Gazadaky ýa-da dünýäniň islendik künjegindäki söweşi çözgüt hasaplamaýar we ABŞ bilen Angliýanyň urşy Ýemene çekmek tagallalaryny strategiki ýalňyşlyk bilýändir diýip beýan etdi.
Amir Abdollahian, Siýarto bilen gepleşiklerde Eýranyň Palestini goldamagynyň esaslaryny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtmak bilen Wengriýanyň Daşary işler ministrinden Gazadaky söweşi duruzmak we sebitde durnukly howpsuzlygy dikeltmek üçin elinde baryny etmegini isländigini aýtdy.
Eýranyň diplomatik ulgamynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasyna Russiýanyň Ukraina garşy söweşi baradaky esassyz aýyplamalary berk ýazgardy we bu resminamasyz talaplaryň gaýtalanmagy içgysgynç tapgyra ýetendigini aýtdy.
Wengriýanyň Daşary işler ministri Gaza zolagynda söweşiň dowam etmegi we Günbatar Aziýa sebitinde howpyň ýaýramagy barada alada bildirmek bilen halkara jemgyýetçiliginde möhüm orny eýeleýän ähli ýurtlar Gaza zolagynda ýaraşyk şertnamasynyň döredilmegi meselesinde jogapkärçilikli hereket etmelidirler diýip nygtady.