Feb 23, 2024 17:16 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy: Saýlawlar, Eýran halky üçin ajaýyp pursatdyr

Tähranyň juma ymamy Eýranda geçiriljek saýlawlary Eýran halky üçin ajaýyp pursat hasaplady we oňa giňden gatnaşmagyny nygtady.

Yslam Şura Mejlisiniň 12-nji döwür saýlawy weÝolbaşçylar Bilermenler Assambleýasynyň 6-njy saýlawy, 11-nji Esfand (1-nji mart) anna güni tutuş Yslam Eýranynda geçiriler.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Tähranyň juma namazynyň Hatibi Hojjatul-Islam Haj Ali Akbari saýlawlar, dini azatlygyň we demokratiýanyň we Eýranyň dolandyryşynda halkyň isleginiň nyşanydyr diýdi.

Hojjatul-Islam Haj Ali Akbari sözüniň dowamynda häzirki wagtda Yslam rewolýusiýasynyň we halkyň ähli duşmanlary saýlawlara garşy ýygnanandyrlar şonüň üçin geljek anna güni, Eýranyň halky bu buýsançly taryhda duşmany döwmek baradaky beýik hekaýanyň ýene bir sahypasyny döreder diýip we güýçli Eýranyň keşbini adamzadyň öňünde goýar diýip umyt edýäris diýdi.

Tähranyň Juma namazynyň Hatibi şeýle-de ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlarda dalaşgärleriň mahabatlary meselesine ünsi çekip dalaşgärler paýhasly we yslam ahlagy bilen hereket etmeli, şeýle hem şahsyýetleriň abraýyny goramalydyrlar, ýalan ikitaraplaýyn pikirlerden gaça durmalydyrlar, ýaş nesle syýasy rasionalizm öwretmek bilen, bu ugurdan ädim ätmeli we töhmet atmakdan we jemgyýetçilik pikirine hüjüm etmekden saklanmalydyrlar diýdi.

Hojjatul-Islam Haj Ali Akbari, Yslam dünýäsiniň we halkara jemgyýetçiliginiň ilkinji meselesi bolýan Gaza barada-da gürrüň gozgap 140 günden soň Gazadaky söweş global ulumsylygyň dürli şowsuzlyklarynyň uly sergisine öwrüldi. Bu ýagdaýda basyp alyjy sionist režim garşylykdan agyr zarba aldy. Taňrynyň kömegi we bolup geçen garşylyk we global oýanma tagallasy bilen bu  režim gowy gün görmez diýip beýan etdi.

Tähranyň juma namazynyň ymamy şeýle-de hakykat, galp sionist režimi diýilýän zadyň indi hakyky däldir we režim indi ölüp barýandyr diýdi.

Tags