Feb 23, 2024 21:07 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Respublikasynyň saýlawlaryna duşmanlaryň howpsuzlyk garaýşy

Duşmanlaryň Eýranda 11-nji esfand-da geçiriljek saýlawlara bolan hereketlerine we çemeleşmelerine syn etmek bilen, bu saýlawlara Duşmanlaryň garaýyşlarynyň howpsuzlykdygyny görüp bolýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Geňeş mejlisiniň on ikinji saýlaw döwri we ýolbaşçylyk Bilermenler Assambleýasynyň altynjy saýlaw döwri indiki anna güni, 1-nji martda (1402-nji ýylyň 11-nji esfand-da) geçiriler. Saýlawlar indiki anna güni köp habar beriş guramalarynyň wekilleriniň we daşary ýurt resmileriniň huzurlarynda ýagdaýynda geçiriler.

Eýranda geljek anna güni geçiriljek saýlawlara duşmanlaryň garaýşy howpsuzlyk garaýşdyr. Soňky ýyllarda duşmanlaryň Eýran Yslam Respublikasyna iň möhüm çemeleşmesi Eýranyň içerki krizislerini we halk bilen hökümetiň arasynda boşluk döretmekdi. Amerikanyň ýadro ýlalaşydan çekilmeginiň we Eýrana garşy sanksiýalary gaýtadan dikeltmegiň, şeýle hem 2018-nji ýyldan başlap täze sanksiýalary girizilmegiň iň möhüm maksaty, halka ýaşaýyş nukdaýnazaryndan basyş etmek we halkyň nägileligini howpsuzlyk krizisine öwürmekdi.Geçen ýylky bidüzgünçilikler duşmanlar tarapyndan goldanylandyr we bu wakalar birnäçe aýlap dowam etdirlendir.

Şeýle çemeleşmäni kabul etmegiň esasy sebäplerinden biri, Eýranyň daşary syýasatyny Günbatar bilen sazlaşdyrmazlykdy,emma sanksiýalaryň güýçli basyşy astynda-da Eýran Yslam Respublikasy Daşary syýasatda garaşsyzlykdan ýüz öwürmedi.    

Emma Tehranyň juma ymamy Eýranda geçiriljek saýlawlary Eýran halky üçin ajaýyp pursat hasaplady we oňa giňden gatnaşmagyny nygtady.

Aýdyşymyz ýaly Eýranyň Yslam Geňeş mejlisiniň ýa-da şol Yslam Şura Mejlisiniň 12-nji döwür saýlawy we Ýolbaşçylyk Bilermenler Assambleýasynyň 6-njy saýlawy, 11-nji Esfand (1-nji mart) anna güni tutuş Yslam Eýranynda geçiriler.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Tehranyň juma namazynyň ymamy Hojjatul-Islam Haj Ali Akbari saýlawlar, dini azatlygyň we demokratiýanyň we Eýranyň dolandyryşynda halkyň isleginiň nyşanydyr diýdi.

Hojjatul-Islam Haj Ali Akbari sözüniň dowamynda häzirki wagtda Yslam rewolýusiýasynyň we halkyň ähli duşmanlary saýlawlara garşy ýygnanandyrlar şonüň üçin geljek anna güni, Eýranyň halky bu buýsançly taryhda duşmany döwmek baradaky beýik hekaýanyň ýene bir sahypasyny döreder diýip we güýçli Eýranyň keşbini adamzadyň öňünde goýar diýip umyt edýäris diýdi.

Tehranyň Juma namazynyň Hatibi şeýle-de ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlarda dalaşgärleriň mahabatlary meselesine ünsi çekip dalaşgärler paýhasly we yslam ahlagy bilen hereket etmeli, şeýle hem şahsyýetleriň abraýyny goramalydyrlar, ýalan ikitaraplaýyn pikirlerden gaça durmalydyrlar, ýaş nesle syýasy rasionalizm öwretmek bilen, bu ugurdan ädim ätmeli we töhmet atmakdan we jemgyýetçilik pikirine hüjüm etmekden saklanmalydyrlar diýdi.

 

 

Tags