Feb 25, 2024 15:04 Asia/Ashgabat
  • Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Gündogar Ortaýer deňzi sebit bölüminiň Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri Bütindünýä saglyk guramasynyň Gündogar Ortaýer deňziniň sebit bölümi bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegini garşy aldy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri "Bahram Aýnullahi", Bütindünýä saglyk guramasynyň Gündogar Ortaýer deňzi sebitiniň täze müdiri "Hanan Balhi" bilen Kataryň Doha şäherinde saglygy goraýyş we bejeriş boýunça hil we howpsuzlyk sammitiň çäginde duşuşanda, Yslam respublikasynyň saglyk ulgamynyň gazananlaryna salgylanyp şeýle diýdi: Milli maşgala saglygy maksatnamasy, Eýranyň 195 etrabynda durmuşa geçirilýän saglyk pudagynda öňüni alyş maksatnamasydyr.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Gündogar Ortaýer deňziniň täze müdiri hem Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligini saglyk pudagynda görnükli we öwgä mynasyp ösüşi üçin gutlamak bilen Gündogar Ortaýer deňzi sebitinde saglyk pudagynda adam resurslaryny güýçlendirmek, lukmançylyk we lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde öz-özüni üpjün etmek, neşe serişdelerine garşy göreşmek we neşekeşleri bejermek ýaly üç meselä üns berler diýdi.

Balhi, agza ýurtlaryň gepleşikleri bilen Gündogar Ortaýer deňziniň saglyk pudagyndaky meseleleriň çözüljekdigini aýtdy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Gündogar Ortaýer deňziniň täze müdiri, Eýranda maşgala saglygy maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada has giňişleýin maglumat almak üçin Eýrana baryp görmek isleýändigini aýtdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş, lukmançylyk we lukmançylyk bilim ministri Bahram Aýnullahi Kataryň Saglygy goraýyş ministri Hanan Alkuriniň saglygy goraýyşda hil we howpsuzlyk sammitine gatnaşmak üçin çakylygy boýunça bu ýurda gitdi.

Tags