Eýran bilen Russiýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyklar giňeldilýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24436
Eýranyň Russiýadaky ilçisi 2023-nji ýylda Eýranyň önümleriniň Russiýa eksportynyň iki milliard dollardan geçjekdigini habar berdi.
(last modified 2024-02-26T06:46:09+00:00 )
Feb 26, 2024 11:46 Asia/Ashgabat

Eýranyň Russiýadaky ilçisi 2023-nji ýylda Eýranyň önümleriniň Russiýa eksportynyň iki milliard dollardan geçjekdigini habar berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Russiýadaky ilçisi Kazem Jelali, şu gün we ertir (duşenbe we sişenbe günleri) geçiriljek iki ýurduň arasyndaky Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy boýunça 17-nji hemişelik komissiýanyň ýöriteleşdirilen komitetleriniň mejlisiniň öňüsyrasynda, geçen ýyl yglan edilen Eýranyň Russiýa eksportynyň ösüşi barada pikir alyşdy.

Eýranyň Russiýadaky diplomaty, iki ýurduň häkimiýetleriniň edýän tagallalarynyň ikitaraplaýyn alyş-çalyşlarda milli walýutalary ulanmakdygyny aýtdy we Tähran-Moskwanyň pul we bank pudagyndaky tagallalarynyň milli esasly alyş-çalyş mukdaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.