Eýran hakykat gözlemek topary diýilýän zady ykrar etmeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24550-eýran_hakykat_gözlemek_topary_diýilýän_zady_ykrar_etmeýär
Eýranyň adam hukuklary merkeziniň sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň hakykat gözlemek toparyny ykrar etmeýändigini aýtdy.
(last modified 2024-03-14T08:36:26+00:00 )
Mar 14, 2024 13:36 Asia/Ashgabat
  • Eýran hakykat gözlemek topary diýilýän zady ykrar etmeýär

Eýranyň adam hukuklary merkeziniň sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň hakykat gözlemek toparyny ykrar etmeýändigini aýtdy.

Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň hamala hakykat gözleg diýlip atlandyrylýan komiteti Eýranda geçen ýyl (1401) bolan bidüzgünçilikler barada hasabat çap edip adam hukuklarynyň bozulýandygyny we adamzada garşy jenaýatlaryň bolandygyny öňe sürdi.

ISNA-nyň habaryna görä, Kazyýetiň halkara gatnaşyklarynyň orunbasary we Eýranyň adam hukuklary merkeziniň sekretary Kazem Garib Abadi BMG Adam Hukuklary Geňeşiniň mejlislerinde Eýran wekiliýetiniň meýilnamalaryny açyklap aýdandygyna yşarat edip, Eýran Yslam Respublikasynyň, Adam Hukuklary Geňeşi tarapyndan syýasy prosesde döredilen hakykat tapmak topary diýilýän zady ykrar etmeýändigini aýtdy.

Eýranyň Adam hukuklary merkeziniň sekretary, BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň 2023-nji ýylda Günbatar ýurtlarynyň syýasy we esasan bikanun talaplaryna tarap hereket edip, adam hukuklarynyň bozulmagynyň pidalaryna has köp ejir çekmeklerine sebäp bolup syýasy gatyşmagyň guralyna öwrülendigini aýtdy.

Garib Abadi, hakykat gözlemek komitetiniň hasabatyna garşy durmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň resminamalaryny we saýlanan komitetiň netijelerini Adam Hukuklary Geňeşiniň mejlisinde düşündirjekdigini aýtmak bilen, bu aralykda, Eýran syýasy çäreleriň meseläniň hakykatlaryny ýapyp bilmejekdigini hem nygtar diýip beýan etdi.