Eýranyň prezidenti ylym we tehnologiýa pudagyndaky ösüşi nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ylym we tehnologiýany duşmanlaryň Yslam Eýrany yzda saklamak üçin göz öňünde tutýan ugurlaryndan biri hasaplady we bu ugurda öňegidişlige ünsi çekdi.
Eýranyň Tele-Radio guramasynyň habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi professorlaryň we elitanyň ýygnagynda ýurduň ylmy derejesini goramagyň we ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtmak bilen, professorlara we elitalara päsgelçilikler we kynçylyklar ýüze çykan halatynda meýdandan aňsatlyk bilen ýüz öwürmezligi we jemgyýete umyt we duşmanyň topragyna umytsyzlygy siňdirmegi maslahat berdi.
Raisi şeýle-de jogapkär adamlar we edaralar, esasanam ylmy ugurda Eýranyň ösüşini çaltlaşdyrmak üçin innowasiýa we bökdençsiz çäreleri görmelidigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyga gatnaşan elitalar soňky ýyllarda ylmy we bilim esasly işlerini dowam etdirmek üçin günbatar ýurtlaryndan Eýrana gaýdyp gelen eýranly elitalardyr.