Mar 22, 2024 02:10 Asia/Ashgabat
  • Yslam ynkylabyň Ýokary derejeli lideriniň Nowruz çykyşynda Gaza söweşiniň dürli taraplaryny seljermek

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, 1403-nji ýylyň farwardin aýynyň birinji gününde halkara derejesinde eden çykyşynda Palestina we Gazanyň meselesiniň birinji derejeli halkara meselesidigine ünsi çekdiler.

 Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Gazanyň wakalary, medeniyetli günbatar dünýäsi diýlip atlandyrylýanlaryň, Gazanyň halkyna nähili adalatsyzlyk edýändigini görkezdi diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bu çykyşynda Palestina meselesine birnäçe tarapdan ýüzlendiler. Birinji tarapy, Günbatar dünýäsiniň adam hukuklary baradaky talaplaryny tankytlamakdy. Sionist režimi tarapyndan Gazada takmynan 32,000 adam şehit boldy, bu zolakda durmuş weýran boldy, hatda käbir günbatar resmileri bu zolakdaky adamzadyň agyr ýagdaýy barada birnäçe gezek alada bildirdiler we duýduryş berdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş, Sionist režimiň Gazada edýän zatlarynyň genosidiň mysalydygyny birnäçe gezek aýtdy. Şeýle-de bolsa, Günbatar hökümetleriniň öňe sürýän adam hukuklary Gazanyň halkyny öz içine almaýardy we bu hökümetler hatda Gazadaky gumanitar krizisiň güýçlenmegine hem goşant goşdylar.

Bu meselede Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy: "Adam hukuklaryny we şuňa meňzeşleri talap edýän siwilizasiýa dünýäsi diýilýän bu Günbatar dünýäsi, garaňkylygyň durmuşyny, pikirlerini we hereketlerini dolandyrýandygyny görkezdi diýdiler. Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Takmynan 32 müň adam şil sanda bäbekler ýetginjekler, ýaşlar, garrylar, aýallar, erkekler we syrkawlar pida boldy; gysga wagtyň içinde Gazaň öýleri weýran boldy,we bu jenýatlary hamana siwilizasiýa dünýäsi syn edýär, we onuň öňüni alman, eýsem Sionistlwere kömek edýärler diýip nygtadylar "

Ikinji mesele, Günbatar Aziýa sebitindäki garşylyk frontunyň kanunydygyny Yslam ynkylabyň Ýokary derejeli lideriniň  nygtamaklarydyr.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň düşündirişine görä, Gaza söweşi "garşylygyň hakyky ýagdaýynyň görkezijisi" bolýandyr.  

Üçünji hakykat, sionist režimiň krizislerini we gowşak taraplaryny subut etmekdir. esasan Gaza söweşi sionist režimiň içerki syýasy krizislerini görkezendir.Dördünji mesele, Gaza söweşiniň Amerika bolan ýigrenjini görkezmekdir.

 

Tags