AmirAbdollahian: Eýranyň konsullygyna edilen hüjümiň netijeleri üçin Ysraýyl režimi jogapkär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24652-amirabdollahian_eýranyň_konsullygyna_edilen_hüjümiň_netijeleri_üçin_ysraýyl_režimi_jogapkär
Eýranyň Daşary işler ministri Eýranyň Damaskdaky konsullyk binasyna edilen hüjümi ähli halkara borçnamalarynyň we konwensiýalarynyň bozulmagy diýip hasaplady we bu hereketiň netijeleriniň jogapkärçiligi sionist režim bilen baglanyşyklydyr diiýp yglan etdi.
(last modified 2024-04-01T21:36:47+00:00 )
Apr 02, 2024 02:36 Asia/Ashgabat
  • AmirAbdollahian: Eýranyň konsullygyna edilen hüjümiň netijeleri üçin Ysraýyl režimi jogapkär

Eýranyň Daşary işler ministri Eýranyň Damaskdaky konsullyk binasyna edilen hüjümi ähli halkara borçnamalarynyň we konwensiýalarynyň bozulmagy diýip hasaplady we bu hereketiň netijeleriniň jogapkärçiligi sionist režim bilen baglanyşyklydyr diiýp yglan etdi.

"Al-Alam" ulgamynyň habaryna görä, duşenbe güni agşam Sionist režimi tarapyndan Eýranyň Damaskdaky konsullygyna rehimsiz çozuşdan soň Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Makdad Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian bilen habarlaşdy.

Bu telefon jaňynda Eýranyň we Siriýanyň daşary işler ministrleri bu jenaýatyň dürli taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Al-Mikdad sionist režimiň jenaýatçylykly hüjümlerini iň berk ýazgardy we halkara düzgünleriniň, esasanam 1961-nji ýyldaky Diplomatik gatnaşyklar baradaky Wena konwensiýasynyň gödek bozulmagy hasaplandy.

Duşenbe güni agşam, Sionist režimiň goşuny Eýran Yslam Respublikasynyň Damaskdaky ilçihanasynyň golaýyndaky basyp alnan Golan sebitinden Eýranyň konsullygyna hüjüm etdi. Bu hüjüm, Eýranyň Damaskdaky konsullyk binasynyň doly weýran bolmagyna we bu konsullygyň birnäçe işgäriniň şehit bolmagyna we ýaralanmagyna sebäp boldy.