Apr 03, 2024 12:10 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Jenaýatçy sionist režimi adam ýörelgeleriniň hiç birini berjaý etmeýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenaýatçy Sionist režimiň gumanitar we halkara ýörelgeleriniň hiç birini berjaý etmeýändigi hemmelere subut edildi diýdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä; Sişenbe güni agşam, Siriýanyň prezidenti Başar Assad, Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde general-maýor Muhammet Reza Zahedi we ýoldaşlarynyň bir toparynyň Sionist jenaýatçy režiminiň terrorçylykly hüjüminde Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümindä şehit bolandygyny Eýranyň hökümetine, halkyna we bu gymmatly şehitleriň maşgalalaryna gynanç bildirdi.

Raisi, Siriýanyň prezidentiniň duýgudaşlyk we gynanç bildirmegine minnetdarlyk bildirip, bu terrorçylyk we jenaýat işini Sionist režiminiň umytsyzlygynyň we ejizliginiň alamaty hasaplady we şübhesiz, bu režim we onuň tarapdarlary Gazadaky bu terrorçylykly we wagşy jenaýat üçin we utandyryjy hereketleri üçin jezalandyrylar we bu jenaýaty edenler üçin jeza belli we üýtgemezdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasy we Siriýanyň sionist režimi hemişe düwnük keseli we sebitde we dünýäde howpsuzlyk, parahatçylyk we durnuklylyk üçin päsgelçilik hasaplaýandygyny aýtmak bilen bu režimiň jenaýatçylygyna garşy göreşmek üçin iki ýurduň arasynda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Raisi şeýle-de käbir arap ýurtlarynyň gorkusy sebäpli dörän passiwlik we gowşak pozisiýa, yslam dünýäsiniň sionist režime garşy bitewi pozisiýa eýelemeginiň öňüni aldy we bu režimiň jenaýat etmekde has ýüzi galyň bolmagyna sebäp boldy diýdi.

Raisi sionist režimiň soňky terrorçylykly hüjüminde we Gazadaky jenaýatçylygyň dowam etmeginde däli hereketlerini bu ölüp barýän režimiň soňky synanyşyklary hökmünde häsiýetlendirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, general-maýor Şahid Zahediniň we ýoldaşlarynyň päk we arassa ganynyň, Eýran bilen Siriýanyň iki döwletiniň arasyndaky üznüksiz gatnaşyklary çuňlaşdyrjakdygyny aýtmak bilen iki ýurduň duşmanlarynyň isleglerine garşy Eýran bilen Siriýanyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Başar Assad bu söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň konsullyk bölümine edilen terrorçylykly hüjümde sionist režimiň görlüp-eşidilmedik jenaýaty diňe bir halkara kanunlaryny bozmak bilen çäklenmän, eýsem bu režimiň ahlaksyzlygynyň we ahlak taýdan pese gaçýandygyny görkezmekden aýry Palestinde, Liwanda we Siriýada agressiýa we jenaýatçylyk tapgyrynyň dowamydyr diýdi.

Tags