Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: ähli yslam ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk Tähranyň gün tertibinde
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Tähranda ýaşaýan yslam ýurtlarynyň ilçileri bilen agzaçar naharynda ähli yslam ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň Eýran Yslam Respublikasynyň gün tertibinde durýandygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi penşenbe güni agşam, Bütindünýä Kuds gününiň öňüsyrasynda Yslam ýurtlarynyň ilçileri we diplomatlary bilen bolan duşuşygynda goňşular bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň esasy oklary hasaplamak bilen Eýranyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary konstruktiw gatnaşyklary güýçlendirmek we yslam ýurtlary bilen umumy we özara bähbitleri ösdürmekdir we Tähran ähli goňşulary we yslam ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny mähirli garşylaýar diýip beýan etdi.
Raisi yslam ýurtlarynyň we sebitiň umumy kynçylyklarynyň biri daşary ýurtlularyň gatyşmagydygyny aýtmak bilen, daşary ýurtlular öz syýasatlaryny, garaýyşlaryny we gyzyklanmalaryny yslam ýurtlarynyň bähbitlerinden göz öňünde tutýarlar we adamlaryň we yslam ýurtlarynyň bagtlaryny üpjün etmek we meselelerini çözmek hakda hiç wagt pikir etmeýärler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ezijiler yslam ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny, ýoldaş bolmagyny we birek-birege duýgudaşlyk etmegini islemeýär we diňe Yslam ýurtlarynyň hakyky ýakynlygyny hiç hili halamaýarlar we düşünişmezlik döretmek, terrorçylygy ýaýratmak, ýigrenç we agalyk etmek ýaly gyzyklanmalaryny görýärler bu bir ýagdaýdadyr welin Yslam ýurtlarynyň bähbitlerini üpjün etmek hakyky hyzmatdaşlykda we biri-biri bilen gatnaşykda bolmakdadyr diýip sözüniň üstüne goşdy