Eýran Respublikasynyň prezidenti: Sionist režimiň ýok bolmagyna dünýä şaýat boljakdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti öz ýüzlenmesinde Eýranyň hüşgär we gadyrdan halkyna Bütindünýä Kuds güni ýörişine köp gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we şeýle diýdi: “Sionist režimiň ýok bolmagyna dünýä şaýat boljakdyr."
Düýn anna güni, 2024-nji ýylyň 5-nji apreli, (1403-nji ýylyň 17-nji farwardin aýy) 1445-nji ýylyň Remezan aýynyň 25-i, Halkara Kuds günidi.
Mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni, Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýniniň (RA) başlangyjy bilen Halkara Kuds güni diýlip atlandyryldy.
Anna güni agşam, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Eýranyň hüşgär we gadyrdan halkynyň tutanýerliliginden gelen ýüzlenmesinde, bu epiki huzury imperializme, zuluma we basybalyjylyga we adam gyrgynçylygyna garşy açyk sargyt hasaplady.
Häzirki wagtda palestinalylaryň yhlasy we edermenligi netijesinde sionizmiň ýalan köşgüniň möý torundan has ejizdigi hemmelere mälim boldy diiýp Raisi sözüne goşdy.