Apr 15, 2024 13:12 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Sionist režimiň Eýrana garşy täze çäre gören halatynda jogap has berk bolar

Eýranyň Daşary işler ministri, eger sionist režimi Yslam respublikasyna garşy täze çäre görse, hökman gaty berk garşylyk görkezjekdigini duýdurdy.

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde duşenbe güni sionist režim Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine hüjüm edip, Eýranyň ýokary derejeli harby geňeşçileriniň ýedisiniň şehit bolmagyna sebäp boldy.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri we Eýran Ýaragly Güýçleriniň ýokary serkerdesi Aýatolla Hameneýi Tel Awiwiň hereketini Eýran Yslam Respublikasynyň çägine edilen hüjüm diýip atlandyrdy we Sionist režgimiň "jezalandyryljakdygyny" aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, düýn irden (14-nji aprel, ýekşenbe) Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy basyp alyjy ýerlere pilotsyz we raketa atyp, bu agressiw režimi jezalandyrmaga synanyşdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň ýaragly güýçleriniň basyp alnan Palestina sebitlerinde belli bir nyşana garşy harby hereketleriniň maksatlaryny we usulyny çyklamak bilen, bu çäklendirilen hereket, Sionist režimi gorkuzmak, jezalandyrmak we duýduryş bermekden ybaratdy we bu režim Eýran Yslam Respublikasyna garşy täze çäre görse, hökman gaty berk garşylyk görkeziler diýdi.

Amir Abdollahian Eýranyň kanuny hereketi babatynda Russiýanyň pozisiýasyna oňyn baha bermek bilen, Sionist režimiň Gaza zolagynda dowam edýän genosidde we Palestina garşy agressiýanyň dowam etmeginde we sebitdäki dartgynlylygyň ýokarlanmagynyň öňüni almakda Russiýanyň roluny möhüm hasaplady.

Şeýle hem Sergeý Lawrow, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki mejlisinde Sionist režimiň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgarmakda käbir ýurtlaryň garşylygyna gynanýandygyny aýtmak bilen Eýranyň Ysraýyl režiminiň hüjümlerine jogap berjekdigine şek ýokdy, şol bir wagtyň özünde-de bu çäre jogapkärçilige esaslanyp öz-özüňi dolandyrmak bilen edildi diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri sebitdäki dartgynlygyň azalmagyna umyt bildirdi we Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Eýranyň kanuny goraga esaslanýan hereketini berk gorajakdygyny we goldaýandygyny aýtdy.

Tags