Apr 15, 2024 16:30 Asia/Ashgabat
  • Baýdeniň, Eýranyň Ysraýyla howa hüjüminiň görlüp-eşidilmedik tebigatyny ykrar etmegi

Jo Baýden , Eýranyň Ysraýyla howa hüjüminiň görlüp-eşidilmedik tebigatyny ykrar etmek bilen, Amerika Ysraýylyň Eýrana garşy ähtimally alyp barjak hereketlerine gatnaşmaz diýdi.

Sionist režimiň Siriýanyň paýtagty Damaskdaky Eýranyň diplomatik desgalaryna eden hüjümine jogap hökmünde amala aşyrylan Eýranyň pilotsyz we raketa hüjümlerinden soň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Bu hüjüm barada: Eýranyň Ysraýyla howa hüjüminiň görlüp-eşidilmedik tebigatyny ykrar etmek bilen, Amerika Ysraýylyň Eýrana garşy ähtimally alyp barjak hereketlerine gatnaşmaz diýdi.

Ysraýyl Eýran Respublikasynyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine, ýedi eýran geňeşçisiniň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjümden 13 gün soň, 14-nji aprelde irden Yslam Ynkylap Gwardiýasy goşunlary basyp alyjy režimi jezalandyrmak üçin çäre gördi we ýüzlerçe pilotsyz uçar we   raketa bilen Ysraýylyn harby merkezlerine hüjüm etdi.

Bu giň gerimli operasiýa diňe bir Tel Awiwi däl, eýsem Ysraýylyň ýaranlaryny hem geň galdyrdy; Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti, Ysraýylyň ilkinji we iň uly ýarany hökmünde bu amalyň görlüp-eşidilmedik häsiýetini ykrar etdi.ABŞ onlarça ýyl bäri Ysraýylyň ýarany we uly goldawçysy hökmündedir. Ysraýyla berilýän iň uly maliýe we harby kömekler üçin, Ysraýyl köp ýyllaryň dowamynda Amerikanyň ýaşyl çyrasy we bu ýurduň we günbatar ýaranlarynyň goldawy bilen palestinalylary öldürmek we ýerlerini basyp almak syýasatyny alyp barýar.

Ysraýyl, Amerikanyň ýarany hökmünde onlarça ýyl bäri Eýranyň sebitdäki bähbitlerine garşy hereket edýär.

Bu aralykda, Eýran sionist režimiň sebitdäki gatyşmalaryna we hereketlerine garşy birnäçe gezek duýduryş berdi.

Şeýle-de bolsa, sionist režimi 1-nji aprilde Damaskdaky Eýranyň konsullyk binasyny nyşana alyp, ähli halkara kanunlaryny bozup, Eýranyň duýduryşlaryny äsgermezlik etmek bilen agressiýasyny dowam etdirýär.

Bu hüjümde Eýranyň diplomatik we harby güýçleriniň ýedi agzasy şehit boldy.

Ysraýylyň bu hereketi Yslam respublikasynyň berk reaksiýasyna sezewar boldy we Eýran bu çäräniň halkara guramalary tarapyndan ýazgarylmagyny resmi taýdan talap etdi. Şeýle hem, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian X sosial ulgamynda ulanyjy hasabynda şeýle ýazdy: Şweýsariýanyň ilçihanasynyň işgärini Eýranda Amerikanyň bähbitlerini goraýjy hökmünde çagyrmak bilen, Ysraýyl režiniň terrorçylykly hüjüminiň ölçeglerini aýdyňlaşdyryldy we Amerikan hökümetiniň jogapkärçiligi nygtaldy.

Şeýle hem, sionist režimiň tarapdary hökmünde Amerikan hökümetine möhüm habar iberildi we Amerika jogapkärçilige çekilmeli.

Eýranyň ähli duýduryşlaryna we hereketlerine garamazdan, Amerika we Günbatar ýurtlary diňe dymmagy saýlap,Ysraýyla goldaw bermegi dowam etdirdiler;bu meseleler bolsa Eýranyň, Ysraýyla 300 raketa we pilotsyz uçar arkaly giň we üýtgeşik hüjüm etmegiň sebäp bolandyr.

 

Tags