Apr 19, 2024 13:15 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Ysraýyl režimi Eýranyň bähbitlerine garşy boljak harby başdan geçirmeleri gaýtalamagy bes eder ýaly mejbur edilmelidir diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian düýn (2024-nji ýylyň 18-nji apreli) Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Ysraýyl režimi tarapyndan haýsydyr bir güýç ulanylan we Eýranyň bähbitlerine garşy agressiýa ýüze çykan halatynda, Eýran Yslam Respublikasy oňa gyssagly, aýgytly we güýçli jogap bermekden we bu režimi hökmany we doly ökünýän suratda ýerine ýetirmek hukugyndan çekinmez we bu üýtgemez karardyr diýdi.

Amir Abdollahian mundan başga-da sözüniň dowamynda, 1-nji aprelde Ysraýyl terrorçy režiminiň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň binasyna guran raketa hüjümi bu režimiň diplomatik adamlaryň we ýerleriň eldegrilmesizliginiň esasy ýörelgesini bozmakdan we belli Wenany Konwensiýalary äsgermezlik etmekdenem çekinmeýändigini görkezdi diýdi.

Eýran diplomatiýasynyň başlygy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň Ysraýylyň Damaskdaky Eýranyň ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden hüjümini ýazgarmak baradaky hereketsizligini tankytlamak bilen Howpsuzlyk Geňeşiniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Angliýanyň we Fransiýanyň düýbünden jogapkärçiliksiz hereketleri sebäpli bu düýbünden bikanun hüjüme jogap hökmünde ýekeje-de ýazgaryş beýanaty berip bilmedi diýip beýan etdi.

Şeýle hem Amir Abdollahian, Eýranyň we Sepah Pasdaranyň sebitdäki özgerişleriň, terrorçylyga garşy göreşi goşmak bilen durnukly parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde elmydama oňyn bölegidigini ýatlatdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Gaza zolagynda bolup geçen wakalara ünsi çekdi we Günbatar ýurtlarynyň Gaza zolagynda sionist režimiň genosidi üçin giňişleýin goldawyny tankytlamak bilen üç kararyň we urşuň haýal etmän bes edilmegini we palestina halkyna hemmetaraplaýyn kömek iberilmegini talap edýän beýannama tassyklanandygyna garamazdan Ysraýyl režimi doly wagşylyk bilen öldürmegi we ýok etmegi dowam etdirdi we netijede 34,000-den gowrak palestinaly raýat şehit boldy, olaryň köpüsi aýallar we çagalardy diýip nygtady.

Amir Abdollahian, şeýle hem, Gazanyň ähli sebitlerinde derrew ýaraşygy ýola goýmak, Gaza zolagynda adam gabawyny ýatyrmak we tussaglary çalyşmak, sionist režimi Gaza zolagyndan çykarmak, hemmetaraplaýyn we Ysraýyl režimine garşy gyssagly ýarag embargosyny girizmek ýaly teklipleri öňe sürdi.

Tags