Apr 30, 2024 15:10 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Özbegistanyň gün tertibinde dini-medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşkentdäki ilçisi we Özbegistanyň baş müftüsi iki ýurduň arasynda din we dini umumylyk ugrundaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşkentdäki ilçisi Muhammet Ali Eskandari Özbegistanyň Baş müftüsi Nouruddin Halik Nazarow bilen bolan duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň yslam gymmatlyklaryny goramakda ikirjiňlenmeýändigini aýtdy.

Nouruddin Halik Nazarow hem ähli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara oňyn baha berdi we Özbegistan bilen Eýranyň dininiň, medeniýetiniň we umumylyklarynyň iki tarapyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhüm faktorlarydygyny aýtdy.

Tags