Türkiyäniň Sionist režimi bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny kesmek kararyna Eýranyň minnetdarlygy
(last modified Sun, 05 May 2024 05:10:48 GMT )
May 05, 2024 10:10 Asia/Ashgabat
  • Türkiyäniň Sionist režimi bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny kesmek kararyna Eýranyň minnetdarlygy

Eýranyň Daşary işler ministri Türkiýe hökümetiniň genosid sionist režimi bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny kesmek kararyna ýokary baha berdi.

"Tasnim" habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Gambiýanyň paýtagty Banjulda Yslam ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň çäginde Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşygynda,basyp alyjy režim bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny kesmek baradaky Türkiýäniň hökümetiniň soňky kararyny möhüm diýip häsiýetlendirdi.

Sionist režimiň palestinalylara garşy, esasanam Gaza zolagynda eden jenaýatlaryny ýazgaryp, Amir Abdullahian, Palestina meselesini goldamakda yslam ýurtlarynyň, esasanam Eýran we Türkiýäniň has güýçli we has işjeň rol oýnamagynyň zerurdygyny ýatlatdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministri "Hakan Fidan" hem, Türkiýäniň sebitdäki wakalara, esasanam Palestina ýagdaýyna Yslam dünýäsiniň iň möhüm meselesi hökmünde garaýşyny we pozisiýasyny açyklamak bilen Yslam hyzmatdaşlygy guramasynda Yslam ýurtlarynyň, esasanam Türkiýe we Eýranyň has işjeň we dinamik rol oýnamagyň zerurlygy baradaky Eýranyň Daşary işler ministriniň pozisiýasy nygtady.

Tags