May 28, 2024 09:26 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň Rafahdaky palestinaly bosgunlaryň çadyrlaryna eden hüjümine Eýranyň reaksiýasy

Sionist režimiň Rafahdaky palestinaly bosgunlaryň çadyrlaryna eden hüjümine jogap hökmünde Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Bu wagşyçylykly jenaýat uruş jenaýatynyň aýdyň mysaly we Halkara kazyýeti tarapyndan çykarylan wagtlaýyn buýrugyň aç-açan bozulmagydyr diýdi.

Sionist režimiň gazaply söweşijileri şu duşenbe güni agşam Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäheriniň demirgazyk-günbataryndaky palestinaly bosgunlaryň çadyrlaryny bombalady.

Bu meselede we IRNA laýyklykda; Sionist režimiň bu jenaýatyna jogap hökmünde Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasser Kanani X sosial ulgamynda şeýle ýazdy: Sionist režimiň palestinaly bosgunlaryň Rafahdaky çadyrlaryna eden hüjümi halkara jemgyýetçiliginiň berk ýazgarylmagyna we amaly jogabyna mynasypdyr.