Eýran we Saud Arabystany ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegini nygtadylar
Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri biri-biri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekdiler.
Eýranyň tele-radio habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Bageri Kani sosial media sahypasynda Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada şeýle diýdi: Iki ýurduň arasyndaky gowy gatnaşyklary göz öňünde tutup, eýranly zyýaratçylaryň howpsuzlykda, parahatçylykda we rahatlykda haj etjekdigine ynanýarys.
Bageri, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde şeýle-de şehit bolan Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi we Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň hatyralama dabarasynda bu ýurduň ýokary derejeli işgärleriniň bardygyna ýokary baha berdi.
Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde şeýle-de Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäherindäki häzirki ýagdaý we sionistleriň genosidini gözden geçirmek bilen Basyp alyjy režiminiň genosidiniň dowam etmeginiň öňüni almak üçin täsirli we bilelikdäki çäreleri görmegi nygtadyk diýdi.