Jun 02, 2024 16:14 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Şura Mejlisiniň başlygynyň ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygynyň talaplaryna beren jogaby

Eýran Yslam Şura Mejlisiniň başlygy, ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygynyň Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň Palestini goldaýan amerikan talyplaryna iberen habaryna jogap hökmünde ýazan twitine jogap berdi.

Penşenbe güni (2024-nji ýylyň 30-njy maýy) Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hamenei Hezretleri, Amerikan uniwersitetlerinde palestina halkyny goldaýan ynsaply talyplara ýazan hatynda, bu okuwçylaryň sionistlere garşy çykyşlaryna duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildirmek bilen, olary garşylyk frontunyň bir bölegi hasapladylar we Günbatar Aziýanyň duýgur sebitiniň üýtgeýän ýagdaýyna we ykbalyna ünsi çekip, dünýä taryhynyň öwrülmegine ünsi çekdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň Amerikan talyplaryna iberen hatyndan soň, ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň respublikan spikeri Maýk Jonson, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň habarynyň tekstini "X" sosial sahypasyndaky şahsy sahypasynda neşir etmek bilen, "Aýatollany kanagatlandyran bolsaňyz, Amerikanyň goldawyny ýitirdiňiz" -diýip ýazdy.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Şura Mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Qalibaf", Amerikanyň Wekiller mejlisiniň başlygynyň twitine jogap edip, "X" sosial sahypasyndaky şahsy sahypasynda, "çadyrlarda çagalary diri-diri ýakmak Amerikanyň goldawyny we hemaýatyny alýarmy? (Amerikaly) talyplar taryhyň dogry tarapynda we genosidi goldaýanlar alada galýarlar " diýip ýazdy.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň, Günbatarda, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda palestinalylaryň we ezilen palestinalylaryň işini goldamagyň görlüp-eşidilmedik tendensiýalaryny göz öňünde tutup, Palestini goldaýan amerikan talyplaryna ýüzlenip ýazan haty aýratyn möhümdir we halkara derejesinde, aktiwistler we erkin pikirdeşler tarapyndan garşy alynandyr.

Tags