Prezidentlige dalaşgärleriň hasaba alynmagynyň soňy
Eýranyň 14-nji prezident saýlawyna dalaşgärleri hasaba almagyň möhleti gutarandan soň, bu saýlaw üçin 5 günüň içinde jemi 80 kandidat hasaba alyndy.
Geçen penşenbe güni başlanan prezident saýlawynyň 14-nji möhletine dalaşgärleriň hasaba alynmagy, 5 günden soň, 80 adamyň hasaba alynmagy bilen tamamlandy. Bellige alnan adamlaryň arasynda öňki prezident Mahmud Ahmadinejad, öňki wise-prezident Yshak Jahangiri, Mejlisiň öňki spikeri Ali Larijani we ýalokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki sekretary Said Jalili görnükli şahsyýetlerdir.olar beýanatlarynda ýurduň ösüşi baradaky meýilnamalaryny mälim etdiler. Prezident saýlawyna dalaşgärleriň bellige alynmagy bilen kandidatlaryň resminamalary goragçylar geňeşine gowşurylar we gözden geçirilenden soň Içeri işler ministrligi 11-nji iýunda soňky dalaşgärleriň atlaryny yglan eder. Bu seneden soň dalaşgärleriň saýlaw kampaniýasy üçin 14 gün gerek bolar we ahyrsoňy, Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň şehit bolmagy sebäpli, 28-nji iýunda anna güni Eýranda prezident saýlawlaryna ses bermek bir wagtda geçiriler.Eýran Yslam Respublikasynyň sekizinji prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, 19-njy maýda, Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky suw bentiň açylyş dabarasyndan gaýdyp barýarka uçar heläkçiligine uçrady weýurduň DIM-i Huseýin Amirabdollahiýan bilen bilelikde , we beýleki hemralary bilen bile şehit boldy. Eýranyň konstitusiýasynyň 131-nji maddasyna laýyklykda, prezidentiň aradan çykmagy ýa-de işden aýrylmagy ýa-da şuňa meňzeş beýleki ýagdaýlarda wagtlaýyn hökümet başlygy bu ugurda zerur çäreleri görmäge borçly iň soňunda elli günüň içinde täze prezident saýlanmalydyr.
Içeri işler ministrliginiň Saýlaw merkezi Eýranda saýlawlaryň geçirilmegine jogapkärdir.
Ýurduň saýlaw merkezi ähli sagdyn we joşgunly saýlawlary geçirmäge taýýardygyny we bu saýlaw döwrüniň Eýranyň 60,000 şahamçasynda geçiriljekdigini habar berdi. Yslam Ynkylabyň ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi, düýn, duşenbe güni, Yslam respublikasyny esaslandyryjy Ymam Homeýniniň (RA) aradan çykmagynyň 35 ýyllygyny hatyralama dabarasynda, prezident saýlawlaryny geçirmegiň möhümdigini aýtdylar.Ol hezretleri saýlawlar, hökümetiň gadyrly şehitleriniň ýollanmasydyr we saýlaw bäsleşiklerinde ahlak dalaşgärleriň başynda bolmaly diýip beýan etdiler.
Şol sebäpli, geljek aý geçiriljek prezident saýlawlaryna halkyň iň köp gatnaşmagy Eýranyň güýjüni artdyrar, sebäbi Yslam Rewolýusiýasynyň 45 ýyllyk tejribesi halkyň möhüm syýasy sahnalara höwes bilen gatnaşandygyny subut edendir.